Sepleriň elýeterliligi

Eýranyň Mahabat şäherindäki partlamada 10 adam öldi


Eýranyň demirgazyk-günbatarynda, Günbatar Aerbaýjan welaýatynyň Mahabad şäherinde harby parad geçip durka bolan partlamada 10 adam ölüp, 20-si ýaralandy.

Ýaralananlaryň ählisiniň aýallar we çagalardygyny ýerli häkimiet wekilleri aýdýarlar we teraktyň jogapkärçiligini kontrrewolýusion güýçleriň üstüne atýarlar.

Partlamanyň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady.
XS
SM
MD
LG