Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen bankyndan $20 million ogurlana berlen jeza öz güýjünde


Moskwanyň şäher sudy Türkmenistanyň Merkezi bankyndan 20 million dollar ogurlamakda aýyplanan telekeçi Saweliý Bruşteýne alty ýyl azatlykdan mahrum etmek barada çykarylan hökümi kanuny diýip, yglan etdi.

Zamoskworesk etrap sudunyň şu ýylyň maý aýynda çykaran hökümini sud edileniň aklawçylary şikaýat etdiler.

Derňewiň maglumatyna görä, 2002-nji ýylda Bruşteýn guramaçylykly toparyň düzüminde Türkmenistanyň býujet serişdelerini ogurlap, Moskwanyň banklarynyň birine geçiripdir.

Biznesmene halkara gözlegi yglan edilipdi. Bruşteýn 2008-nji ýylda Çehiýada saklanyp, Orsýete berildi. Ol günäsini boýun almady.
XS
SM
MD
LG