Sepleriň elýeterliligi

Tährana täze gepleşikleri geçirmäge mümkinçilik berler


Çarşenbe güni BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde weto goýmaga ygtyýary bolan bäş döwletiň hem-de Germaniýanyň wekilleri Eýranyň ýadro programmasy bilen baglanyşykly Tährana täze gepleşikleri geçirmäge mümkinçilik bermekligi karar etdiler.

Bu mesele boýunça düýn Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäklerinde Britaniýanyň, Hytaýyň, Fransiýanyň, Orsýetiň, Birleşen Ştatlaryň we Germaniýanyň daşary işler ministrleri, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklar boýunça bölüminiň başlygy bilelikde ýygnanyp, maslahat geçirdiler.

Bu topar özüniň düýnki ýaýradan resmi beýanatynda Eýranyň ýadro programmasy bilen bagly meseläni diňe uzak möhletleýin düýpli gepleşikler arkaly çözup bolar diýip hasaplaýandygyny belläpdir.
XS
SM
MD
LG