Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze gaz desgalary işe girizildi


«Bagtyýarlyk» gaz gysyjy desgasy
«Bagtyýarlyk» gaz gysyjy desgasy

27-nji sentýabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynda gurlan «Bagtyýarlyk» gaz gysyjy desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Täze işe girizilen «Bagtyýarlyk» gaz gysyjy desganyň kuwwaty 70,5 megawata deň bolup, ol turbageçiriji boýunça bir gije-gündizde 60 million kub metr gaz ibermäge ukyplydyr. Bu desga Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý gaz geçirijisi boýunça iberilýän tebigy gazyň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer.

Täze işe girizilen gaz gysyjy desganyň ähmiýeti Türkmenistanyň ykdysadyýeti üçin uludyr. Bu desgada ulanylýan öňdebaryjy tehnologiýalar «Malaý-Bagtyýarlyk» gaz geçirijiden gazyň ýokary hilli derejede alynmagyny we onuň mehaniki galyndylardan we suwuklyklardan arassalanmagyny, gazyň basyşyň zerur bolan derejesine çenli gysylmagyny, zerur bolan temperatura çenli sowadylmagyny, şeýle hem gaz gysyjy desgadan çykýan gazyň tehnologiki ölçegini üpjün edýär. Gaz bu ýerden arassalaýjy desga, soňra bolsa Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisine akdyrylar.

«Bagtyýarlyk» gaz gysyjy desgasy Belgiýanyň «ENEX process engineering SA» kompaniýasy tarapyndan gurlup ulanylmagy berlip, onuň bahasy 132 million ýewrodan gowrakdyr.

2009-njy ýylyň dekabrynda uzynlygy 7 müň kilometre barabar bolan Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý gaz geçirijisi açylypdy. Hytaýa iberilmeli gazyň esasy bölegi Türkmenistana degişlidir. Türkmenistan Hytaýa her ýylda 30-40 milliard kubmetr gaz aldyrmak boýunça 30 ýyllyk şertnama gol çekişipdi.

Aşgabat bilen Pekin 2015-nji ýyla çenli bu gaz geçirijiniň kuwwatyny ýylda 30 milliard kubmetrden 40 milliard kubmetre galdyrmagy niýet edinýärler.

“Nabukko” agzalmady

Desganyň açylyş darabarasynda prezidenti G.Berdimuhamedow Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyny ösdürmek üçin döwletiň uly tagallalar edýändigini, ýurtda uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Berdmuhamedow Türkmenistanyň ähli gaz sistemasyny özüne birleşdirjek desganyň gurluşygynyň güýçli depginde alnyp barylýandygyny hem habar berdi: “Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli gaz ýataklaryny bir ulgama birleşdirjek Gündogar-Günbatar gaz geçirijisiniň gurluşygy hem ýokary depginler bilen alnyp barylýar”.

Geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň başlaryndan bäri gürrüňi edilýän, regiondaky dartgynly ýagdaýdalar sebäpli şu wagta çenli amala aşmakdan daşda galyp gelen Transowgan proýektini amala aşyrmagyň wagtynyň golaýlaýandygyny, bu ugurda proýekte gatnaşýan ýurtlar bilen anyk işleriň alnyp barylýandygyny Türkmenistanyň prezidenti “Bagtyýarlyk” kompressor stansiýasynyň açylyş dabarasynda aýtdy.

G.Berdimuhammedow Günorta Ýolöten–Osman ýatagynda bar gazyň gorunyň şu günki gün 18 trillion kubmetrdigini habar berdi. Ol Türkmenistanyň tebigy gazy eksport edýän ýurtlaryny sanap geçdi. Ýöne Günbatarda köp gürrüňi edilýän “Nabukko” proýekti, Transhazar we Prikaspiý proýektleri barasynda dil ýarmady.

«Körpeje-gurt-guýy»

Şeýle hem şu geçen dynç alyş güni Türkmenistanyň günorta-günbataryndaky «Körpeje-gurt-guýy» gaz ýatagynda gaz ýygnaýjy we transportirleýji täze kompeks ulanyşa tabşyryldy.

Bu täze kompeksiň işe girizilmegi Türkmenistanyň Eýrana satýan gazynyň möçberini ýene ýylda 3 milliard kubometr artdyrmaklyga mümkinçilik berer.

«Turkmennebit» Döwlet konserniniň hyzmatdaşlary bolan Fransiýanyň, Germaniýanyň we Belgiýanyň kompaniýalary tarapyndan enjamlaşdyrylan bu kompleksiň umumy bahasy 40 million amerikan dollaryna deň.

Özara ylalaşyga laýyklykda, bu hyzmatdaş kompaniýalar geljek bir ýylyň dowamynda bu täze gaz transportirleýji komplekse hyzmat etmek hem-de bu ugurda ýerli kadrlara tälim bermek işlerini alyp bararlar.

Häzirki wagt Eýrana ýylda 6 milliard kubometr gaz satýan Türkmenistan geljekde bu gazyň möçberini 14 milliard kubometre ýetirmekligi göz öňünde tutýar.

Ýerli habarçynyň goşmaça maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG