Sepleriň elýeterliligi

Ýykylan dikuçar Putin üçin lyža liftini gurýan eken


Orsýetiň RIA Nowosti habarlar gullugy ýurduň günortasynda ýykylan dikuçarda iki adamyň ölendigini habar berdi. Ol dikuçar premýer-ministr Wladimir Putiniň dynç almak üçin ulanýan gizlin ýerinde lyža liftini gurýan eken.

Dikuçara eýelik edýän Aero-Kamow wekiliniň aýtmagyna görä, Ka-32 dikuçary Kawkaz daglygyndaky Lunnaýa polýanada gurulmaly lyža liftiniň gurluşyk materiallaryny getirýän wagty ýykylypdyr.

Lunnaýa polýana resmi ylmy-barlag merkezi, ýöne oppozision metbugat bu gurluşyga Kremliň gözegçilik edýändigini we ol ýerde Putiniň dynç alýandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG