Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Papaksyz galan paýtagt


Orsýetiň paýtagtyna 18 ýyl häkimlik eden Ýuriý Lužkow 28-nji sentýabrda öz wezipesinden kowuldy.
Orsýetiň paýtagtyna 18 ýyl häkimlik eden Ýuriý Lužkow 28-nji sentýabrda öz wezipesinden kowuldy.
Moskwa papaksyz galdy! Orsýetiň paýtagtyna 18 ýyl häkimlik eden Ýuriý Lužkow 28-nji sentýabrda öz wezipesinden kowuldy. “Kowuldy” sözüni Moskwanyň meri meselesinde ulanmak o diýen gelşikli däl, emma häzir ony ulanmasaň, alaç ýok, çünki Lužkow işden aýrylmady, ol ”Prezidentiň ynamyndan gaçan ýolbaşçy hökmünde” wezipeden çetleşdirildi. Bu sözi ýuwmarlanyň bilenem, hiç zat üýtgänok, Günbatarda aýdylyşy ýaly, “Ozalky SSSR-iň çal paýtagtyny lowurdap duran şähere öwren” adam iň soňunda biabraý bolup, işden gitdi.

Näme sebäpden edil häzir, ýagny ýene-de bary-ýogy bir ýyldan indiki saýlawlarda ýaşyna görä, aýrylmaly häkimi wezipeden beýle howlukmaç çetleşdirildi? Bu barada çaklama kän. Ýöne munuň esasy sebäbi – Lužkowyň soňky iki ýyldaky syýasy pozisiýasy bolsa gerek? Lužkow 2008-nji ýylda prezident saýlanan Dmitriý Medwedewi ýaş gördi, doly ykrar etmedi. Lužkow Medwedewi prezidentlik wezipesinde wagtlaýyn saýyp, öňküsi ýaly Putine wepaly bolup galdy. Ol her bir syýasy meselede Medwedewe däl-de, Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putine golaý durdy. 2012-nji ýyldaky prezident saýlawlarynda Lužkow Medwedewi däl-de, Putini goldamakçy diýen “myş-myşlar” hem şondan döreýär.

Moskwanyň meriniň syýasy pozisiýasy başda Medwedewiň gözüne-de ilmedige meňzeýär. Sebäbi ilkibaşda Medwedewiň özi-de her ädimde Putine wepalydy. Sebäbi ol hem, edil Lužkow ýaly, öz wezipesini dogruçyl saýlawlar-da däl-de, eýse öňki prezident Putiniň elinden sowgat alypdy. Emma Medwedew prezidentlik kürsüsine öwrenişidigiçe, Lužkowyň özüni alyp barşy barha göze ilip ugrana çalymdaş.

Netijede Moskwanyň meriniň her bir ýalňyşy göze dürtülip ugrady. Şu ýylyň tomsunda Moskwa töweregindäki tokaýlaryň hem torf gatlaklarynyň ýanmagyndan dörän ajy tüssä boglup otyrka şäheriň mydama Leniniňkä meňzeş papakly, pukarasyrap ýören häkiminiň gymmatbaha daşary ýurt kurortynda arassa howadan dem alyp ýörmegi moskwalylaryň-da, Kremliňde myrryhyny atlandyrdy. Putini dost tutunan Lužkow welin, bu igençler özi üçin howpludyr öýtmedi. Kremliň welin eýýäm sabyr käsesi püre-pür bolupdy, onsoň ol boýunegmezek häkimden dynmagy karar etdi.

Başga alaç galmady

Kremlden syzylyp çykýan maglumatlara görä, iki hepde mundan öň Lužkowa öz arzasy bilen wezipeden gitmek teklip edilipdir. Emma Lužkow hötjetlik edip, öz arzasy bilen wezipeden gitmejegini aýdyp, Medwedewiň garşysyna açyk baş göterdi. Edil şu taýda-da Lužkow Putin bilen Medwedewiň agzyny alartmaga synanýar diýlen çaklama tassyk boldy. Şondan soň Lužkowy işinden özi kowmasa, Medwedewiň başga alajy galmady. Bolmasa, prezident öz abraýyny saklap biljek däldi. Paýtagtyň häkimine diýenini etdirip bilmeýän prezidente soňra kim hormat goýjak?

Eger-de Kremliň öz arzasy bilen abraýlyja işden aýrylmak baradaky teklibiniň soňky mylakatly teklipdigini bilen bolsa, belki Ýuriý Lužkow tekepbirlik edibem durmazdy. Emma ol öz güýjüne artk baha beren bolmaga çemeli. Indi onuň özi pukarasyrap ýörkä, nädip nikaly aýalynyň milliarder bolup ýetişenligi hakdaky soraglar örboýuna galdy. Dogrudanam, hamana öz wezipesinde 18 ýyllap arassa işlän häkimiň nikaly aýaly Ýelena Baturina nädip hut şol döwürde dünýäniň iň baý adamlarynyň birine öwrülýär?! Kim we näme üçin oňa Moskwa şäherindäki iň gymmatbaha, iň düşewüntli gurluşyklary, kontraktlary eçilýär? Moskwanyň ozalky meriniň indiden eýläk degerli jogap tapmaly soraglarynyň biri hut şu bolsa gerek. Sebäbi eýýäm bu ugurda derňewiň boljakdygy hakda ilkinji habarlar peýda boldy.

Moskwanyň meriniň wezipeden aýrylmagynyň eýse türkmenlere näme dahyly bar diýilmegi ahmal. Muňa: ozalky SSSR-iň umumy paýtagtyny gysga wagtda diňe Orsýetiň hem orslaryň paýtagtyna öwren, Moskwa iş gözläp barýan ozalky “doganlyk halklaryň” wekillerini derrew “ýatlara” öwren hut Lužkowyň alyp baran syýasaty diýip, jogap berse bolar. Ol paýtagtda yzagalak milletçilik meýillerini assyrynlyk bilen goldamakdan çekinmedi.

Lužkowyň wezipeden aýrylmagyny Türkmenistandaky syýasy ýagdaý bilen deňseşdirseň, onda muny Gurbanguly Berdimuhamedowyň Wiktor Hramowy ýa-da Aleksandr Žadany wezipeden boşatmagy bilen deňese bolar. Ýöne G.Berdimuhamedowyň entek prezidentlik kürsüsinde Medwedew ýaly özüni ynamly duýmaýan bolmagy-da ahmaldyr.

Ak Welsapar Şwesiýada ýaşaýan türkmen ýazyjysy. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG