Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orta Gündogar gepleşikleri baradaky tagalla dowam edýär


Palestinalylar bilen ysraýyllalaryň arasyndaky parahatçylyk gepleşiklerini halas etmek ugrundaky halkara tagallalary dowam edýär.

Ysraýylyň basylyp alnan Günbatar kenardaky gurluşuklary doňdurmak möhletini uzaltmakdan boýun gaçyrmagy palestinalalaryň gepleşikden çykmak haýbatyny atmagyna sebäp boldy.

Iýerusalimde ABŞ-nyň Orta Gündogar wekili Jorj Mitçel bilen Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netenýahuyň arasynda bolan gepleşikler uly netije bermedi.

Mitçel şu gün Ramallada Palestin hökümetiniň prezidenti Mahmud Abbas bilen duşuşmaly.

Şeýle-de Mitçel ÝB-niň daşary syýasat başlygy Katrin Aşton bilen duşuşar. Aşton bu sebite şu gün gelmeli.
XS
SM
MD
LG