Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýanyň Eýrandaky ilçihanasynyň işgäri aklandy


Düýn Eýranyň oppozision web sahypasynyň maglumatyna görä, Britaniýanyň Tährandaky ilçihanasynyň eýranly işgäri Husseýin Rassam içalylyk boýunça özüne garşy ýoňkelýän aýyplamalardan aklanypdyr.

Şeýlelikde, Rassama berlen 4 ýyllyk türme tussaglygy 1 ýyl şertli türme tussaglygy bilen çalşyryldy.

Husseýin Rassam Eýranyň prezidenti Ahmedinejadyň 2009-njy ýylda prezidentlik wezipesine gaýtadan saylanmagyndan soňra Tähranda geçirilen protestleriň çäginde tussag edilipdi.

Ol Eýranda dartgynlylygy meçew bermekde we Britaniýanyň bähbidine içalyçylyk etmekde aýyplanypdy.

Eýranyň oppozision web sahypasy Rassam baradaky kararyň 3-nji oktýabrda ýerli sud tarapyndan çykarylandygyny we karar boýunça oňa 5 ýylyň dowamynda daşary ýurtlaryň ilçihanalarynda işlemegiň gadagan edilendigini habar berdi.
XS
SM
MD
LG