Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hindistanda ylma belli bolmadyk bir dil ýüze çykaryldy


Düýn dilçilerden ybarat bir topar Hindistanyň Arunçal Pradeş welaýatynda şu çaka çenli bilinmeýän täze bir diliň tapylanlygyny habar berdi.

«Koro» diýlip atlandyrylýan bu dil Tibet-Birma dil maşgalasyna degişli bolup, ol Hindistanda ulanylýan 150 dilden diňe biridir.

Häzirki wagt tutuş dünýäde hasaba alnan we ulanylýan 6 müň 909 dilden ýarsyndan gowragynyň ýitmek howpy bilen ýüzbe-ýüzdigi aýdylýar.

«Koro» diýilip atlandyrylýan bu dil diňe gepleşikde ulanylyp, ondan hiç haçan ýazmaça görnüşde peýdalanylmandyr. Bu dili ulanýanlaryň sanynyň bolsa, 1müň 200 töweregidigi çak edilýär.
XS
SM
MD
LG