Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Pakistanyň ekstremistleri öňe omzaýarlar


Ýaraglanan talyplar Pakistanyň Buner etrabynda, 23-nji aprel 2009-njy ýyl.

Ýaraglanan talyplar Pakistanyň Buner etrabynda, 23-nji aprel 2009-njy ýyl.

Dartgynlylygyň barha artyp barýan soňky günlerinde, 2-nji oktýabrda Pakistanyň Haýbar Pahtunhuwa welaýatynda ýokary derejeli ýolbaşçylardan ýene biri öldürildi.


Öldürilen bu resmi yslamyň aram görnüşini goldap çykyş edýän alym Muhammad Farok Handygy. Ony talybanlaryň öldürenligi aýdylýar.

Käbir synçylaryň aýtmagyna görä, Farok Hanyň öz ofisinde öldürilmegi halkara jemgyýetçiliginden we ABŞ-dan has köpräk kömek almak isleýän Pakistanda bu etrabyň talybanlar tarapyndan basylyp alynmak howpy bilen ýüzbe-ýüz durandygy barada pikir döretmek maksady bilen edilýän herekete meňzeýär.

Farok Han yslamyň aram görnüşini hemem musulmanlaryň dürli toparlarynyň, şeýle-de beýleki dinlere eýerýän adamlaryň arasynda agzybirligi we çydamlylygy goldap, çykyş edýärdi. Ol telekanallarda eden çykyşlarynda, gazetdir-žurnallarda çap edilen makalalarynda we interwýularynda, şeýle-de çap eden kitaplarynda talybanlaryň orta asyrlara laýyk gelýän hereketlerini we terrorizmi ýazgarypdy.

Ol ilkinji pida däl…

Ýeri gelende belläp geçsek, Farok Han dartgynlylygy ýazgarýan adamlara garşy hüjümleriň pidasy bolan ilkinji resmi däldir. 2007-nji ýylyň sentýabrynda teolog alym Mowlana Hassan Jan hem öz eden çykyşynda käbir adamlaryň janyndan geçip, amala aşyrýan hüjümleriniň haramdygyny yglan edenden soň, tiz wagtdan öldürilipdi.

2009-njy ýylyň iýun aýynda Sarfaraz Ahmet Naýmy hem Lahorda janyndan geçen bombaçy tarapyndan edilen hüjümde öldürildi. Bu din alymynyň metjidine edilen şol hüjüm onuň paýtagt Yslamabatda eden çykyşyndan bir aý soň amala aşyryldy.

Ol alymlara ýüzlenip eden şol çykyşynda talybanlara garşy topar döredilmegini we jandan geçip, amala aşyrylýan hüjümleriň, şeýle-de adamlaryň kellesini kesip öldürmegiň haramdygy barada fetwa çap etmäge çagyryş edipdi.

Ýaragly söweşijiler Pakistanyň Haýbar Pahtunhowa etrabyndaky şäherlerde öz ýykgynçylykly hereketlerine başlamazdan ozal, beýle işleri olar dürli tire-taýpalaryň ýaşaýan regionlarynda amala aşyrdylar. Şonda Pakistanyň tire-taýpalarynyň azyndan 700 töweregi ýolbaşçysy öldürildi, bu hem puştunlaryň ýyllardan bäri dowam edip gelýän sosial-syýasy strukturasyny weýran etdi.

Şeýlelikde şol etraplarda ýolbaşçylaryň öldürilmegi zerarly dörän lider boşlugy gozgalaňçylaryň we dürli jenaýatçy toparlaryň pursatdan peýdalanmagyna ýol açdy.

Owganystanda ulanylan usuluň dowamy

Häzirki döwürde şäherlerde ýaşaýan alymlaryň, tanymal adamlaryň we resmileriň öldürilmegi gozgalaňçy toparlaryň mundan ozal tire-taýpalaryň regionlarynda we ondan ozal Owganystanda ulanan usulynyň dowamydyr. Bolup geçýän bu wakalar terroristleriň öz hüjümlerini şäheriň islendik ýerinde, şol sanda aşa goralýan etraplarynda-da amala aşyryp bilýändiklerini görkezýär.

Talybanlaryň wagşylyk bilen amala aşyrýan bu hüjümleri parahat ýaşaýjylaryň arasynda howsalanyň döremegine sebäp bolup, ol hem öz nobatynda ilatyň hökümete we howpsuzlyk güýçlerine bolan ynamyny ýitirmegine sebäp bolýar.

Farok Han ýaly alymlar öz öýüniň gapysynda öldürilýärkä, hökümetiň her gün Talyban toparyna degişli onlarça gozgalaňçyny ýok etdik diýip, jar etmeginiň näme manysy bar?

Şeýlelikde Pakistanyň dini, dünýewi we milli ýolbaşçylaryna aşa yslamçy toparlar tarapyndan salynýan howpuň günsaýyn artyp gidip oturmagy aram bu ýerli liderleriň Haýbar Pahtunhowany terk etmegine getirýär. Bu ýagdaý hem 2008-nji ýylda geçirilen saýlawlarda halk tarapyndan ret edilen radikal yslamçy partiýalaryň regionda gaytadan güýçlenmegine ýol açýar.

Häzirki wagtda halkara koalisiýa topary Owganystany terk etmek aladasy bilen ýaşaýar. Pakistanyň tire-taýpa regionlary bolsa häzirki wagt talybanlara garşy çykýanlar üçin aýak basmasy kyn zona öwrüldi.

Talybanlaryň barha köp abandyrýan howpuna garşy dünýewi güýçler welaýatda yzyna çekilip başladylar. Pakistanly Afiýa Siddikiniň ýakynda ABŞ-da türme tussaglygyna höküm edilmegine garşy Pakistanda görkezilen reaksiýalar yslamçy toparlaryň Amerika garşy hereketleriniň gaýtadan güýçlenip başanlygyny görkezdi.

Haýbar Pahtunhuwa welaýatynda talybanlaryň barha güýçlenip barmagy bolsa, Owganystan bilen Päkistanyň arasynda ýerleşýän Durand serhet liniýasynyň Pakistan tarapynda talyban hökümetiniň döredilmegine tarap ädilen ilkinji ädim bolup biler.

Dawut Hattak Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Maşaal gullugynyň žurnalisti. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG