Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň DIM-niň wekilleri prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Katara sapary bilen bagly häzir Türkmenistan bilen Kataryň arasyndaky gatnaşyklaryň ep-esli aktiwleşendigini aýtdylar.

Häzir Katardaky ýagdaý ýurduň ösüşi, türkmen tarapy üçin örän peýdaly bolmagy mümkin. Özüniň ykdysady mümkinçilikleri taýdan ol Türkmenistana gaty ýakyn. Uly möçberde nebit-gazy eksport etmekde Katar dünýä belli ýurtlaryň biri. Emma şol meňzeşlikleriň netijesi boýunça welin, iki ýurt biri-birine düýbünden gapma-garşy. Eksportdan gelýän girdejiler Katarda doly sosial üpjünçilikli jemgyýeti gurmaga ýol açdy.

Häzir Kataryň ýurt boýunça ilatyň jan başyna düşýän ortaça girdejisi dünýäde iň ýokary derejeleriň birini eýeleýär. On dokuz ýyl bäri garaşsyz Türkmenistana sosial üpjünçilikde şunuň ýaly böküş etmäge näme päsgel berýärkä? Daşary ýurtlara satylýan gazdan we nebitden gelýän ägirt uly möçberdäki pullar nirä gitdi hem häzir nähili harçlanýar? Şu sorag henize-bu güne çenli jogapsyz galýar.

Şol serişdeleriň katar ýoly däl-de, türkmen ýoly bilen jemgyýetden sowlup geçendigini ýurtdaky häzirki ýagdaý tassyklaýar. Tebigy resurslara aşa baý ýurt şu wagta çenli garyplyk boýunça rekord derejäni görkezip gelýär.

Eger Katara ilatyň jan başyna düşýän girdeji boýunça dünýäde iň ýokary görkezijileriň biri degişli bolsa, şol görkeziji boýunça Türkmenistanyň ilatynyň iň bärsinden otuz prosenti garyplyk çägindenem aşakda ýaşaýar. Beýle diýildigi nebit-gazyň söwdasyndan gelýän milliardlarça dollaryň bir ýarym million gowrak adamyň deňinden sowlup geçýändigini aňladýar.

Eger Kataryň islendik bir raýaty döwlet kömegine mätäç bolsa, onuň adynyň ýardam edilýänleriň sanawyndan çyzylmagyny, kömekden kesilmegini göz öňüne getirmegem kyn. Ýöne bu ýagdaý Türkmenistan üçin atyň gulagy ýaly, işini ýitiren adamlar döwletden hiç hili maliýe kömegini almaýarlarlar.

Gürrüň bir adam barasynda däl

Türkmen propagandasy bolsa häkimiýetleriň “Döwlet halk üçindir” diýen şygaryny häli-şindi ýatladyp dur. Ýöne şol döwletiň öz ýurdunda zähmet çekmek mümkinçiliginden mahrum bolan iň bärsinden ýarym million adamy unutdy. Döwlet olary iş bilen üpjün edip bilmeýär. Logika görä, ol ýeterlik iş orunlarynyň Türkmenistanda ýokdugy bilen bagly bolmaly. Hakykatda welin, döwlet köp ýyllaryň dowamynda işsizlik üçin maliýe kömegini bermän, jogapkärçilikden gaçmasyny, daşda durmasyny dowam etdirýär.

Belki-de, Katar Türkmenistana nebit-gazyň söwdasyndan gelýän serişdeleri ýerlikli peýdalanyp, ony diňe bir elitanyň däl, eýse ýurduň üçden bir ilatynyň garyplykdan çykmagy üçin nädip ulanmalydygynyň syrlaryny açar?! Türkmen prezidentiniň Katara sapary propaganda, dürli owadan şygarlar derejesinde däl-de, hakykatdan-da, iş ýüzünde döwletiň halka tarap tizden-tiz ýüzüni öwürmegine itergi berer!

Türkmenistanyň häzirki ýagdaýynda döwlet halk üçin işlemeli. Ýagdaýyň jylawy bireýýäm elden sypdyryldy. Bu ýerde gürrüň bir adam barasynda däl, gaty köp adam barada barýar. Gürrüň kömege, goltga mätäç ýüzlerçe müň türkmenistanly barasynda gidýär. Bu işiň hötdesinden nädip gelmelidigini Türkmenistandaka garanda, bu günki gün Katarda has gowy bilýärler.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG