Sepleriň elýeterliligi

Netenýahu gurluşyklary doňdurmagyň şertini aýdýar


Ysraýylyň premýer-ministri Günbatar kenardaky gurluşyklary doňdurmagyň möhletini uzalmagyň şertini aýtdy. Munuň üçin palestinalylaryň Ysraýyly ýewreý döwleti hökmünde ykrar etmegi gerek.

Halkara jemgyýetçili ýap-ýaňy tamam bolan gurluşyk doňdurmak möhletiniň uzaldylmagy üçin Binýamin Netenýahua basyş edýär.

Netenýahu bu şerti şu gün parlamentde aýtdy. Palestinalylar basylyp alnan ýerlerdäki ýewreý obalarynyň gurluşygy togtadylmasa gepleşiklerden çekiljeklerini aýdýarlar.

Olar Ysraýylyň ýewreýleriň watanydygyny ykrar etmek baradaky talaby ret edýärler.
XS
SM
MD
LG