Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan NATO üçin owgan serhet geçelgesini gaýtadan açýar


Pakistan NATO-nyň Owganystana ýük geçirmek üçin ulanýan esasy serhet geçelgesini gaýtadan açdy.

Ýerli hökümet resmisi Raza Han ýekşenbe gününiň aýagynda NATO-nyň ýüklerini getirýän 120 çemesi maşynyň Torkham geçelgesinden Owganystana geçendigini aýtdy.

Pakistan 30-njy sentýabrda Birleşen Ştatlaryň dikuçar zarbasyndan iki esgeriniň ölmegine protest edip, Torkham geçelgesini ýapandan soň ýüzlerçe ýük maşyny ýolundan galypdy.

Bu ýagdaý NATO-nyň ýükli maşynlarynyň jeňçi hüjümlerine nyşana bolmagyna ýol açypdy. Netijede, 11 günlük gabawda ol maşynlaryň bir topary hatardan çykaryldy.
XS
SM
MD
LG