Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ykdysadyýet boýunça Nobel 2010


Ykdysadyýet boýunça 2010-njy ýylyň Nobel baýragyny alan alymlar
Ykdysadyýet boýunça 2010-njy ýylyň Nobel baýragyny alan alymlar

Ykdysadyýet boýunça 2010-njy ýylyň Nobel baýragy amerikanlar Peter Daimond bilen Deýl Mortensen hem-de asly Kiprden Britaniýanyň raýaty Kristofer Pissaridese berildi. Olar ykdysady syýasata hem hojalygyň sazlaşdyrylmagyna işsizligiň ýetirýän täsiri baradaky teoriýanyň awtorlarydyr.

Amerikanlar Peter Daimonda hem Deýl Mortensene, asly Kiprden Britaniýanyň raýaty Kristofer Pissarides bilen bilelikde ykdysadyýet boýunça Nobel baýragynyň berilmegine olaryň işsizlik bilen bagly täze oýlap tapan teoriýasy sebäp boldy. Şol teoriýa, iş bazarynda iş ýerleriniň köp bolmagyna garamazdan, näme sebäpden köp adamlaryň iş tapyp bilmeýändigini düşündirýär.

Ykdysady ylymlar boýunça Nobel memorial baýragynyň komitetiniň ýolbaşçysy Bertil Holmlud bu teoriýany şeýle düşündirdi: “Zähmet bazarynda käbir kompaniýalar özlerine zerur bolan işgärleri aňsat tapyp bilmeýärler. Şol bir wagtda-da işsiz galan adamlar özlerine iş tapmakda kynçylyk çekýärler. Peter Daimond, Deýl Mortensen hem-de Kristofer Pissarides dagylaryň işläp düzen teoriýasy şeýle gözlege sarp edilýän wagty, onuň ykdysadyýete ýetirýan täsirini hasaplap çykarmaga ýardam edýär”.

Ykdysady ylymlar boýunça Nobel memorial baýragynyň komitetiniň agzasy Per Krusell bu konsepsiýany “Zähmet bazaryndaky talabyň hem teklibiň, ýagny işgär gözleýänleriň hem iş gözleýänleriň biri-birini tapýança sarp edýän wagtynyň hem tagallalarynyň möçberini, şol çykdajylaryň ykdysadyýete ýetirýän täsirini anyklaýan teoriýa” diýip atlandyrdy.

Alymlaryň bu teoriýasy işsizlik boýunça hökümet tarapyndan berilýän pul kömeginiň möçberi näderejede köp bolsa, şonça-da ýaşaýjylaryň özlerine gowy iş şertlerini döredýän iş ýerini tapmaga has köp wagt sarp edýändiklerini anyklady. Alymlaryň geçiren barlaglary adamlary işsizlikden ätiýaçlandyryş çärelerine, şeýle-de işe almagyň we işden boşatmagyň düzgünlerine, aýlyklaryň möçberiniň ykdysady ösüşe ýetirýan täsirlerine gönükdirilýär.

Bertil Holmludyň aýtmagyna görä, Nobel baýragyna mynasyp bolan alymlaryň “gözleg teoriýasy” halk hojalygynyň beýleki pudaklaryna hem täsirini ýetirip biler. Ol bu barada şeýle diýýär: “Peter Daimond, Deýl Mortensen hem Kristofer Pissarides dagylaryň teoriýasy zähmet bazarynda makroykdysady analizleri geçirmekde öňde baryjy rol oýnaýar. Ýöne bu teoriýany diňe bir zähmet bazarynyň analizi üçin däl, eýse dürli ýurtlara degişli maliýe, walýuta, jemgyýet, gozgalmaýan emläk, maşgala býujeti bilen bagly barlaglaryny geçirmekde hem ulanyp bolar”.

“Gözleg teoriýasy” we onuň ulanylmagy

ABŞ-nyň prezidenti Obama ýurduň parlamentine ykdysatçy Peter Daimondy ýurduň Federal Rezerwleriniň, başgaça aýdylanda, Merkezi Bankynyň ýolbaşçylarynyň hataryna goşmagy teklip etdi. Emma alymyň kandidaturasy ABŞ-nyň Senatynda makullanmady.

Ykdysatçy Peter Daimond “gözleg teoriýasynyň” esaslaryny analiz eden bolsa, alymlar Deýl Mortensen hem Kristofer Pissarides onuň zähmet bazarynda durmuşa geçirilmegini gazandylar.

70 ýaşly alym Peter Daimond Tehnologiýa boýunça Massaçusets institutynyň ABŞ-nyň sosial upjünçiligi, pensiýa sistemasy hem salgytlar boýunça eksperti. ABŞ-nyň Federal Reserwiniň ýolbaşçysy Ben Bernanke ylymlaryň doktorlary derjesini almak üçin okan döwri Peter Daimond onuň mugallymlarynyň biri bolupdy.

Ykdysadyýet boýunça Nobel baýragynyň beýleki bir laureaty, 71 ýaşly Deýl Mortens Illinoý ştatynyň "Northwestern" uniwersitetiniň ykdysadyýet boýunça professory, üçünji laureat 62 ýaşly Kristofer Pissarides bolsa Londonyň Ykdysadyýet boýunça ýokary okuw jaýynyň (London School of Economics) professorydyr.

Olar Nobel baýragynyň bir ýarym million dollara barabar pul baýragyny özara bölüşerler diýlip, maglumat berilýär. Sweriges Riksbank baýragy diýlip atlandyrylýan Ykdysady ylymlar boýunça Nobel memorial baýragy komiteti 1968 döredilipdi. Bu bayrak Alfred Nobeliň wesýetnamasynda göz öňünde tutulmandy.

Geçen hepdäniň anna güni parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň hytaý dissidenti Lýu Ksýaobo berilýändigi yglan edildi. Edebiýat boýunça Nobel baýragy bu ýyl Latyn Amerikasynyň meşhur ýazyjysy Mario Wargas Llosa berildi. Nobel baýragynyň laureatlaryna baýragyň gowşurylyş dabarasy 10-njy dekabrda Stokgolmda hem Osloda geçiriler diýlip, maglumatda görkezilýär.
XS
SM
MD
LG