Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bilim ministrine ýene käýinç berildi


Türkmenistanyň bilim ministri Gülşat Mämmedowa käýinç yglan edildi. Oňa şu ýylyň mart aýynda hem käýinç berlipdi.

Türkmenistanyň köpçülikleýin habar serişdeleriniň sişenbe güni ýaýradan maglumatynda G.Mämmedowa käýinç berilmegi onuň öz wezipesini talabalaýyk ýerine ýetirmänligi, okuw-terbiýeçilik edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadanlygy we tertip-düzgüniň pese gaçmagyna ýol berenligi sebäpli diýlip görkezilýär.

Reformalaryň gidişi

Türkmen ýolbaşçylary bilim ugrunyň ylym we saglygy saklaýyş ugurlary bilen bilelikde üstünlikli reformirlenýänligini ýakyn günlerde ýene nygtadylar. 8-nji oktýabrda geçirilen hökümet malahatynda ýurtda maliýe-ykdysady ugur boýunça okuw jaýlaryny döretmek görkezmesi hem berildi.

Türkmenistanyň döwlet we hökümet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow bu işi Türkmenistanyň hökümet baştutanynyň orunbasary, ýurduň Bilim we Saglygy saklaýyş pudaklaryna gözegçlik edýän Hydyr Saparlyýewe tabşyrdy.

Türkmenistanda yglan edilýän reformalaryň çäginde soňky ýyllarda orta mekdepleriň we ýokary okuw jaýlarynyň okuw möhletiniň gysgaldylan düzgüni ýatyrylypdy. Okuw programmasyna kompýuter, internet bilen bagly sapaklar girizilip başlanypdy. Şol bir wagtda daşary ýurtlar bilen bilelekde-de bilim programmalary alnyp barylýar.

Ýakynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynyň 27-nji mekdebinde we paýtagtyň “Ruhnama” mekdebinde bir wagtda 13 mugallymyň gatnaşmagynda iki sany eksperimental sapak geçirildi. Bu çäräniň Germaniýanyň “Tehniki hyzmatdaşlygy boýunça jemgyýetiniň” Türkmenistanyň bilim boýunça milli instituty bilen bilekde geçiren seminarynyň netijesidigini türkmen metbugaty habar berdi.

Bilim ugrunda geçirilýän çärelere garamazdan, Türkmenistanda bilim almak we hünär edinmek üçin mümkinçilikler örän çäkliligine galýar. Ýurduň orta mekdeplerini tamamlaýan ýaşlaryň diňe 10%-i üçin okuwyny dowam etdirip, Türkmenistanyň özünde ýa daşynda ýokary bilim almaga ýa hünär edinmäge döwlet tarapyndan mümkinçilik döredilýär.

Kynçylyklar nämeden ybarat?

Şeýle ýagdaýda çagalaryna bilim bermek problemasy şu günki gün Türkmenistanyň raýatlary üçin iň uly aladalaryň biridir. Soňky ýyllarda ýurduň daşynda okaýan türkmen ýaşlarynyň sany köpeldi. Emma çagalaryny daşary ýurtlarda okatmak köpler üçin agyr synag.

Türkmenistanyň raýatlarynyň sözlerine görä, daşary ýurtlarda çagalaryň okamagy, ýaşamagy bilen bagly çykdajylar sosial we girdejileriň derejesi taýdan gowşak Türkmenistanyň ilaty üçin örän agyr. Üstesine, öz ýurdunda döredilýän päsgelçilikler ýaşlaryň bilim almak mümkinçikleirni hasam çäklendirýär.

Wiza almak kynçylyklaryndan daşgary ýurtdan çykmak hem daşary ýurtlarda okaýan studentler üçin agyr problema öwrülýär. Meselem, Gyrgyzystanyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmen studentleri dürli kynçylyklara sezewar edilýär.

“Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Döwlet migrasiýa gullugynyň we ýerli häkimiýetleriň işgärleri studentleriň arasynda Gyrgyzystana gitmezlik barada ýörite düşündiriş işlerini geçirdiler. Bilim ministliginiň işgärleri Gyrgyzystana gitmekden ýüz öwren studentleriň dokumentlerini özleri getirip bermegi hem teklip etdiler” diýip, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy Myrat Gurban aýdýar.

Gyrgyzystanda okan studentleriň bir bölegi dokumentlerini alyp, başga ýokary okuw jaýlaryna tabşyrmaga mejbir boldular. Emma okuwyny Gyrgyzystanda dowam etdirmäge isleg bildirenler Döwlet migrasiýa gullugynyň adyna haýyş hatyny ýazmaly boldular.

Häzirki wagtda bolsa Türkmenistandan Azatlyk Radiosyna gowuşýan maglumatlarda bu düzgüniň hem ýatyrylyp, Gyrgyzystanyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan we okajak studentleriň okuwa asla goýberilmeýänligi habar berilýär.

Häzirki wagtda Gyrgyzystanda dowam edýän syýasy proseslere we şu ýylyň iýun aýynda Gyrgyzystanyň günortasynda hatda gandöküşikli wakalaryň bolanlygyna garamazdan, türkmen ýaşlarynyň arasynda bu ýurtda okamaga uly isleg bar. Munuň esasy sebäbi Türkmenistanda okamak üçin mümkinçilikleriň çäklidigi bilen bagly diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Myrat Gurban aýdýar.

Şol bir wagtda-da ýurtdaky bilim problemalary hökümet derejesinde agzalmaýar we bu mesele Türkmenistanyň habar serişdelerinde hem gozgalmaýar.

Kadr ýetmezçiligi

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde berilýän bilimiň hiliniň gowşaklygy ýurduň daşynda okaýan türkmen ýaşlarynyň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklarynyň ýene biri diýip, Türkmenistanyň we Orsýetiň bilim sistemalarynda kop ýyllap işlän Anatoliý Fomin aýdýar.

Fominiň sözlerine görä, türkmen orta mekdepleriniň berýän 10 ýyllyk bilimiň derejesi köplenç Orsýetde berilýän bilimiň 7-nji klasyndan ýokary geçmeýär. "Ýolbaşçylara käýinç bermek, olary işden boşatmak ýaly çäreler bilim pudagynda öňegidişligiň gazanylmagyna oňly netije bermeýär" diýip, A.Fomin aýdýar.

Emma kadrlar meselesine üns berlende, ýurtda bilim berýän, okuw kitaplaryny düzýän spesialistleriň ýetmezçilik problemasynyň çözülmegine uly zerurlyk bar diýip, Fomin belleýär. Onuň pikiriçe, bu ugurdan ýurdy terk eden spesialistleriň Türkmenistana dolanyp barmagy üçin şert döredilmegi oňaýly çykalga bolup bilerdi.

Anatoliý Fominiň sözlerine görä, alymlaryň, mugallymlaryň we dürli ugurlardan bolan bilermenleriň arasynda Türkmenistana dolanyp barmaga uly isleg bar. Munuň üçin, Fominiň pikirine görä, ilkinji nobatda Türkmenistanyň içerki syýasy üzňeliginden el çekip, hünärli adamlaryň gerekligini mälim etmegi we adamlaryň ýurtda erkin hem asuda işlemegine mümkinçiligiň bolmagy zerur.

Türkmenistanyň bilim ministri Gülşat Mämmedowa şu ýylyň mart aýynda hem käýinç berlipdi. Şonda Gülşat Mämmedowanyň öz wezipesini gowşak ýerine ýetirýänligi, bilim ugrunda alnyp barylýan reformalary durmuşa geçirmek boýunça görkezmeleri haýal ýerine ýetirýänligi aýdylypdy.
XS
SM
MD
LG