Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çiliniň prezidenti howpsuzlygy üpjün etmäge söz berdi


Çiliniň prezidenti Sebastýan Pinera ýurduň magdan känlerinde we beýleki kärhanalarynda howpsuzlygy üpjün etmäge söz berdi.

“Kadaly işlemäge hiç hili şertleri bolmadyk San-Hose ýaly känlerde mundan beýle hiç kim işlemez” - diýip, Pinera Kopýano şäher keselhanasynda halas edilen magdançylar bilen duşuşygynda aýtdy.

Awgustyň başynda kände emele gelen opurylma netijesinde 33 magdançy iki aý gowrak wagt ýeriň aşagynda galdy. Olaryň diri galmagyny köpler gudrat atlandyrýarlar.

Häzir magdançylaryň käbirinde dişi we gözüniň görşi bilen bagly problemalar ýüze çykdy. Iki öýken keselli anyklandy.

Lukmanlaryň aýtmagyna görä, umumy alnanda halas edilenleriň ýagdaýy öň çak edilişinden gowy bolup çykypdyr.
XS
SM
MD
LG