Sepleriň elýeterliligi

Täjik söweşijileri ýaraglaryny taşlaýarlar


Täjigistanyň ýaragly güýçleriniň birnäçesi Raşt jülgesinde dikuçar heläkçilginde öldi.

Täjigistanyň ýaragly güýçleriniň birnäçesi Raşt jülgesinde dikuçar heläkçilginde öldi.

Täjigistanyň resmileriniň tassyklamagyna görä, Täjigistanyň günortasyndaky Raşt jülgesinde hökümete garşy söweşen yslam toparlarynyň komandirleri hereketlerini togtatdylar. 19-njy sentýabrda ýurduň harby kanwoýuna edilen hüjümden bäri ýurduň 60-dan gowrak harbysy heläk bolupdy.

Berilýän maglumatlara görä, täjik resmileri gozgalaňçylaryň ýolbaşçylary bilen gepleşiklere başlapdyrlar. Bir aýdan gowrak wagt bäri täjik hökümetiniň ýaragly güýçleri bilen yslam söweşijileriniň arasynda gazaply söweş dowam edýärdi. Yslam oppozisiýasynyň öňki ýolbaşçylary ýaraglaryny tabşyryp, boýun bolupdyrlar.

Asia-Plus garaşsyz habar agentliginiň berýän maglumatlaryna laýyklykda, şu hepdäniň başynda Ahmadowyň we Sadriddiniň toparlaryndan 27-den gowrak adam öz ýaraglaryny tabşyrypdyr. Ýurduň howpsuzlyk güýçleri sentýabryň başynda Raşt jülgesiniň golaýynda öz bazalaryny açdylar. Resmiler ol ýerdäki operasiýlaryň gidişi bilen içgin tanyşýarlar.

Ýerli habar beriş serişdeleriniň aýtmagyna görä, Täjigistanyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň ýolbaşçysy Amrikul Azymow we Täjigistanyň parlamentiniň başlygy Şukurjon Zuhurow yslam oppozisiýa toparlarynyň öňki ýolbaşçylary Mirzohoja Ahmadow bilen Mullo Sadriddini söweşlerini bes etmäge yrmak üçin gepleşikler geçiripdirler.

Ýitgi uly

Täjigistanyň ýaragly güýçleriniň 60-a golaý harbysy Raşt jülgesinde bolan çaknyşyklarda öldürildi. Olaryň birnäçesi jülgede dikuçar heläkçilginde öldi. Resmileriň aýtmagyna görä, dikuçar tehniki näsazlyk sebäpli heläkçilige uçrady. Emma başga maglumatlarda dikuçary gozgalaňçylaryň urandygy aýdyldy.

Täjigistanda dowam edýän operasiýalar 19-njy sentýabrda Raşt jülgesinde harby kerwene edilen hüjümden soň başlapdy. Şol hüjümde 28 sany hökümet harbysy öldürildi. Täjigistanyň döwlet resmileri bu hüjümi ýerli we daşary ýurtdan gelen yslam gozgalaňçylarynyň amala aşyrandygyny çak edýärler.

IIM-niň metbugat gullugynyň ýaýradan maglumatynda meýdan komandiri Ahmadowyň Raşt jülgesinde bolan hüjüme dahyllydygy aýdylýar. Ahmadowyň öýüni hökümet güýçleri gabandan soň ol gaçyp gidipdi. Ahmadow bu aýyplama bilen ylalaşmaýar. Ol öňki oppozisiýa komandirlerine basyş edýänliginde hökümeti aýyplap gelýär.

Ahmadow 1992-1997-nji ýyllar aralygynda Täjik graždanlyk urşunda prezident Imomali Rahmonyň dünýewi hökümetine garşy söweşen Birleşen yslam oppozisiýa güýçlerine ýolbaşçylyk edipdi. Graždanlyk urşy syýasy ylalaşyk bilen tamamlandy. Şol ylalaşyga görä, öňki oppozisiýa liderleri ýerli we merkezi häkimiýetiň 30%-ne wekilçilik edýärler.

Güýçli howandarlar

Raşt jülgesinde ýagdaý entegem dartgynly. Hökümetiň ýaragly güýçleri daglyk ýerlerde gözleg işlerini dowam etdirýärler. Olaryň pikirine görä, ýaragly gozgalaňçylaryň ol ýerlerde gizlenen bolmagy mümkin. Täjigistanyň resmileri we ekspertleri näbelli daşary ýurtly güýçleri Täjigistandaky yagdaýlary durnuksyzlaşdyrýanlykda aýyplaýarlar.

Täjigistanyň Strategiýany öwreniş merkeziniň başlygynyň orunbasary Saifulla Safarow hüjümleriň gerimine seredip, gozgalyňçylaryň arkasynda kuwwatly howandarlaryň bardygyny çaklaýar. Içeri Işler ministrligi Raşt jülgesinde gizlenip goýlan ýaraglaryň, azyk önümleriniň, egin-eşikleriň we propoganda materiallarynyň tapylandygyny aýdýar.

“Bularyň ählisini toparlaryň öz pullaryna satyn alan bolmagy mümkin däl. Olara hökman daşardan pul serişdeleri bilen kömek edilen bolmaly ýa-da bu ýaraglaryň graždan urşundan galan bolmagy mümkin. Ýöne haýsy döwletiň ýa-da toparyň bu zatlaryň arkasynda durandygyny aýtmak kyn” diýip, Saifulla Safarow aýdýar.

Bu söweşler başlany bäri Raşt jülgesinde bolup geçýän wakalar barada maglumat almak kyn. Hökümet güýçleri jülgä barýan ähli ýollary bagladylar we telefonlar heniz hem işlemeýär. Döwlet mediasy Raşt jülgesinde bolup geçýän söweşleri başdan sowma edip, gysgaça beýan edýärler. Operasiýalar baradaky maglumatlary diňe resmiler berýär.
XS
SM
MD
LG