Sepleriň elýeterliligi

Ýewropa gaz gerek, Aşgabada - müşderi


Türkmenistan öz tebigy gaz rezerwleriniň anyklanan möçberiniň 25 trillion kub metre golaýdygyny resmi derejede yglan edýär.

Türkmenistan öz tebigy gaz rezerwleriniň anyklanan möçberiniň 25 trillion kub metre golaýdygyny resmi derejede yglan edýär.

ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Ýewraziýa energiýasy boýunça ýörite wekili Riçard Morningstar geljek bir ýylyň dowamynda Ýewropanyň energiýa howpsuzlygy boýunça möhüm kararlaryň alynjakdygyny mälim eti.

ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Ýewraziýa energiýasy boýunça ýörite wekili Riçard Morningstar
Indiki alty aýdan bir ýyla çenli döwrüň dowamynda Ýewropanyň gaz üpjünçiliginiň diwersifikasiýasy boýunça aýgytlaýjy kararlar alnar. Bu barada Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň döwlet sekretarynyň Ýewraziýa energiýasy boýunça ýörite wekili Riçard Morningstar Waşingtonda eden çykyşynda mälim etdi.

15-nji oktýabrda Alymlar üçin Wudrow Wilson Halkara Merkezinde çykyş eden ilçi R.Morningstar tebigy gazyň Ýewropa akdyrylmagyna Türkmenistanyň doly ygrarly bolup galmagyny gazanmak üçin Ýewropa Bileleşigi tarapyndan goldanylýan “Nabukko” konsorsiumynyň köp işler edendigini belledi.

“Biz hem öz gezegimizde, Transhazar gaz geçirijisi boýunça konsepsiýany 90-njy ýyllardan bäri goldap gelýäris. Emma özüne degişli syýasy sebäplerden ötri, özbaşdak Türkmenistanyň gaz geçirijä ygrarly bolup galmaga taýýar bolmazlygy mümkin” diýip, ABŞ-nýň ýokary derejeli wekili, ilçi R.Morningstar aýtdy.

Ýyllyk 31 milliard kub metr tebigy gazy Ýewropa akdyrjak “Nabukko” gaz geçirijisiniň üpjün edilmegi üçin Türkmenistanyň hem bu turbalara 10 millard kub metrlik tebigy gaz akdyrmagy zerur bolup durýar. Emma bu proýekte gatnaşmaga isleg bildiren hem bolsa, Aşgabat entek bu ugurda resmi wada bermedi.

1-nji oktýabrda Brýusselde geçirilen ministrler derejesindäki duşuşyga Türkmenistanyň gatnaşmakdan ýüz öwrendigi habar berilýär. Emma Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Joze Manuel Barrosonyň şu ýylyň ahyryna çenli Hazar regionyna sapar etmegine garaşylýar. Gün tertibiniň esasy meselesi –“Nabukko”.

Täze gaz geçiriji

Bu aralykda, 16-njy oktýabrda Merkezi Garagumda geçirijilik ukyby 3 milliard kub metrlik täze gaz geçiriji ulanmaga berildi. Ol türkmen tebigy gazyny Orta Aziýa — Merkez magistral gaz geçiriji sistemasynda akdyrmak üçin guruldy. Bu bolsa türkmen tebigy gazynyň Orsýete iberilýän möçberini artdyrmaga mümkinçilik döreder.

200 kilometrlik bu gaz geçirijiniň gurluşygynyň “Türkmengaz” döwlet konserniniň we Russiýanyň “MRK engineering” kompaniýasynyň arasynda baglaşylan 176,6 million dollarlyk şertnamanyň çäklerinde amala aşyrylandygy habar berilýär. “MRK engineering” Orsýetiň “Itera” kompaniýasyna degişli.

21-nji oktýabrda bolsa, Russiýa Federasiýasynyň prezidenti Dmitriý Medwedew Aşgabada iki günlük resmi sapara barar. Türkmen-rus ýolbaşçylarynyň duşuşygynda esasan energiýa hyzmatdaşlygy maslahat ediler diýlip, habar berilýär. Emma bu ugurda haýsydyr bir ylalaşygyň baglaşylmagyna kän bir garaşylmaýar.

Türkmenistan bilen Orsýetiň “Gazprom” kompaniýasynyň arasynda 30 milliard kub metrlik gaz söwdasy barada ylalaşyk baglaşylan hem bolsa, hazirki wagtda Orsýete ýyllyk 10 milliard kub metrlik türkmen gazy akdyrylýar. Ýewropada gaza bolan talabyň azalmagy Orsýetiň türkmen gazyna bolan islegine öz täsirini ýetiripdi.

Moskwa ÝB tarapyndan goldanylýan “Nabukko” proýektini öz gaz geçiriji proýektlerine bäsdeş hasaplaýar. Bir tarapdan, türkmen gazynyň Orsýetden sowa Ýewropa akdyrylmagy Moskwanyň ykdysady bähbitlerine ters gelýän bolsa, beýleki tarapdan, bu Orsýetiň regiondaky syýasy agramyny gowşadar diýlip, çak ediýär.

Waşingtondaky çykyşynda ilçi R.Morningstar: “Orsýetiň Merkezi Aziýadaky bähbitlerine päsgelçilik döretmek niýetimiz ýok. Biziň aýdýan zadymyz – Türkmenistan we Azerbaýjan ýaly ýurtlar öz kararlaryny özleri almagy başarmaly we şol kararlar nähili hem bolsa, biz olary kabul etmeli” diýdi.

“Ýeterlik gaz bar”

15-nji oktýabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanyň maliýe ministrini, jemgyýetçilik işleri boýunça ministrini, dag senagaty ministrini we suw serişdeleri boýunça ýolbaşçysyny kabul etdi. Duşuşykda esasan TOPH (Transowgan) gaz geçiriji proýekti barada maslahat edildi.

Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan proýektiniň öňünde duran päsgelçilikler esasan howpsuzlyk we kommersiýa meselelerine degişli. Emma, başga bir tarapdan, geljekde türkmen gazynyň Günorta Aziýa akyp başlamagy Aşgabadyň Günbatara gaz ibermek planlaryny gowşadar diýen pikirler öňe sürülýär.

“Bu proýekt üstünlik gazansa-da, bu Ýewropanyň proýektlerine bäsdeş bolar diýip, pikir etmeýärin. Sebäbi ýakyn geljekde türkmen gazynyň Ýewropa akyp başlajakdygyna gözüm ýetenok. Emma akyp başlaýanda-da ähli gaz talaplaryny üpjün etmek üçin Türkmenistanda ýeterlik gaz bar” diýip, R.Morningstar belledi.

Türkmenistan öz tebigy gaz rezerwleriniň anyklanan möçberiniň 25 trillion kub metre golaýdygyny resmi derejede yglan edýär. Häzir ýyllyk 75 milliard kub metr tebigy gaz öndürýän Türkmenistan geljekde muny 230 milliarda kub metre çykarmagy we onuň 180 milliard kub metrini eksport etmegi göz öňünde tutýandygyny aýdýar.

Şu ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Hytaýa akdyran tebigy gazynyň möçberiniň 6 milliard kub metre barmagyna garaşylýar. Bu möçber 2015-nji ýyla çenli ýyllyk 40 milliard kub metre çykarylar. Eýrana eksport edilýän türkmen tebigy gazynyň möçberi bolsa häzirki wagda ýyllyk 14 milliard kub metre barabar.
XS
SM
MD
LG