Sepleriň elýeterliligi

Fransiýada Orsýetiň, Fransiýanyň we Germaniýanyň resmileri duşuşýar


Şu gün Fransiýanyň demirgazygyndaky Dowil şäherinde Orsýetiň, Fransiýanyň we Germaniýanyň ýolbaşçylarynyň üçtaraplaýyn duşuşygy başlady. Gepleşikler iki gün dowam eder.

Dmitriý Medwedewiň, Angele Merkeliň we Nikolýa Sarkoziniň gepleşikleriniň esasy temalarynyň biri - Ýewropa howpsuzlygy, şol sanda NATO-nyň arka durmagynda howa hüjümlerinden goranyşyň Ýewropa sistemasynyny döretmek meselesi.

Orsýetiň prezidentiniň kömekçisi Sergeý Prihodkonyň sözlerine görä, maslahat ediljek meseleleleriň arasynda Orsýet bilen ÝB ýurtlarynyň arasynda wiza režimini ýeňilleşdirmegiň problemalary, ykdysady hyzmatdaşlyk, Eýranyň ýadro programmasy, Ýakyn Gündogar konfliktini parahatçylykly kadalaşdyrmak ýaly meseleler bolar.
XS
SM
MD
LG