Sepleriň elýeterliligi

Britaniýa döwlet çykdajylaryny azaldýar


Şu ýylyň maý aýynda saýlanaly bäri liberal demokratlaryň kömegi bilen höküm sürüp gelýän Deýwid Kameron (çepden ikinji) tygşytlylygyň ýüküni paýlamakda deňagramlylygy saklamak boýunça tagalla baryny edene meňzeýär.

Şu ýylyň maý aýynda saýlanaly bäri liberal demokratlaryň kömegi bilen höküm sürüp gelýän Deýwid Kameron (çepden ikinji) tygşytlylygyň ýüküni paýlamakda deňagramlylygy saklamak boýunça tagalla baryny edene meňzeýär.

Britan hökümeti döwlet tarapyndan edilýän çykdajylary çäklendirmek baradaky planyny şu gün parlamentiň garamagyna berýär.

Harajaty çäklendirmek baradaky synanyşyklar Britaniýada ozal hem bolupdy, ýöne ol Ikinji jahan urşundan bäri häzirki möçberde bolmandy. Planda 2015-nji ýyla çenli ýurduň tutuş içerki önüminiň 11 prosentine barabar bolan bergilerini azaldyp, iki prosente getirmek göz öňünde tutulýar.

Şeýlelikde, 130 milliard dollar tygşytlamak üçin tölenýän salgytlar artdyrylýar. Millionlarça adama berilýän sosial kömekler kesilýär. Döwlet sektorynda ýarym milliona golaý iş orunlary ýitýär. Döwlet edaralarynyň býujeti çäklendirilýär. Täze iş orunlaryny döretmek jogapkärçiligi hem hususy sektora tabşyrylýar.

Bu çäre harajaty kemeltmekden daşgary başga bir zady hem görkezýär. Ol hem konserwatiw premýer-ministr Deýwid Kameronyň häzirki ýagdaýa hökümetiň milli durmuşyň dürli ugurlaryna garyşmagyny azaltmak üçin amatly pursat diýip düşünýänligi.

Tetçeriň ideologiýasy

Britaniýanyň öňki premýer-ministri Margaret Tetçer
Şu jähtden garanyňda, bu öňki premýer-ministr Margaret Tetçeriň pikirleri bilen deň hatarda durýan ideologiýa. Margaret Tetçer hem 1980-nji ýyllarda girizen programmalary bilen hökümetiň ykdysadyýete garyşmagyny ep-esli çäklendiripdi.

Ýöne şu ýylyň maý aýynda saýlanaly bäri liberal demokratlaryň kömegi bilen höküm sürüp gelýän Kameron tygşytlylygyň ýüküni paýlamakda deňagramlylygy saklamak boýunça tagalla baryny edene meňzeýär. Mysal üçin, 12 million çemesi maşgala tölenýän çaga puly kesilýär. Sebäbi bular gowy girdejili orta gatlaga degişli adamlar. Ýöne ilatyň gurpsuzrak bölegi öňküsi ýaly bu kömekden peýdalanýar.

Edilýän harajat diňe iki ýerde saklanyp galýar. Bularyň biri – saglygy goraýyş, beýlekisi-de – berilýän halkara kömekler.

Oppozision “Işçiler partiýasy”: “Britaniýany ykdysady durgunlyga düşmegi mümkin” diýip, hökümetiň bu planyny tankytlaýar. “Harajatyň çäklendirilmegi ýurtdaky ykdysady ösüşi ençeme ýyllap pese düşürip, işsizligiň artmagyna getirer” diýip, bu partiýanyň ykdysady meseleler boýunça sözçüsi Alan Johnson aýtdy.

Fransiýadaky ýagdaý

Fransiýada hem prezident Nikola Sarkozynyň pensiýa reformasy baradaky planyna garşy protestler dowam edýär. Bu reforma hem döwletiň harajatlaryny azaltmak üçin göz öňünde tutulan çärelere degişli.

Häzir üns merkezinde duran zat – ýurtda nebitiň we benziniň ýetmezçilik edýänligi. Içeri işler ministrligi işçiler tarapyndan gabalan üç sany esasy nebit arassalaýjy kärhananyň öten agşam açylandygyny habar berdi. Kärdeşler bileleşigi SGT-niň işgäri Şarl Fular bu babatda polisiýanyň işini tankytlady.

“Jenap Sarkozy bir jemgyýetçilik hereketini güýç bilen basyp ýatyrmak bilen bu ýurtda polisiýa döwleti işe başlan ýaly edip goýdy. Işçiler tarapyndan gabalan nebit arassalaýjy Donges kärhanasyna 20 sany polisiýa maşynynyň iberilmegi jenap Sarkozynyň ýolbaşçylygyndaky repressiw polisiýa güýçleri tarapyndan Baş kanunda kepillendirilen iş taşlaýyş hukugynyň depgilenmeginiň aýdyň subutnamasydyr” diýip, Fular aýdýar.
XS
SM
MD
LG