Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystanyň geljegi kimiň elinde?


Çolpon Orozobekowa

Gyrgyzystanda 10-njy oktýabrdaky parlament saýlawlary asudalyk bilen geçirilen hem bolsa, ses berişlik synag bolup, garaşylmadyk netijeleri ýüze çykardy.

“Ata Žurt” partiýasynyň sesleriň 8,7%-ni gazanmagy köp synçylary geň galdyrdy. Bu partiýanyň liderleriniň köpüsi şu ýylyň aprel aýynda häkimiýet başyndan çetleşdirilip, häzirki wagtda Belarusda ýaşaýan Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Kurmanbek Bakiýewi goldapdy.

Emma saýlawlarda 5% ses gazanyp, parlamentde orun eýelemek hukugyna zordan eýe bolan “Ata Meken” partiýasynyň işi köpleri kanagatlandyrmady. “Ata Mekeniň” lideri we Gyrgyzystanyň parlamentiniň ygtyýarlyklaryny güýçlendirip, halk köpçüligi tarapyndan goldanan konstitusion reformanyň esasy ideology hasaplanýan Ömürbek Tekebaýewiň ses berişlikde zordan bäşinji orna çykmagy geň ýagdaý boldy. Tekebaýewiň partiýasy “Ata Žurtdan”, sosial-demokratlardan we Orsýete tarapdar “Ar-Namys” partiýasyndan yza galdy.

Gyrgyzystanyň prezidenti Roza Otunbaýewa saýlaw gününi Gyrgyzystan üçin taryhy gün diýip atlandyrdy hem-de “gyrgyz halkynyň öz ykbalyny we öz geljegini saýlaýanlygyny” nygtady.

Emma Otunbaýewanyň çykyşy çakdan-aşa optimistik göründi. Sebäbi halk köpçüligi tarapyndan goldanan täze Konstitusiýa garşy çykyş edýän syýasy toparlary goldap, Bakiýewe tarapdar partiýanyň we Orsýete tarapdar toparyň peýdasyna ses beren raýatlar özlerine nähili geljegi saýlaýarlar diýen sowal jogapsyz galýar.

Agzalan partiýalar prezidentlik sistemasyny dikeltmegi maksat edinýärler. Şeýle sistema bolsa köp ýyllaryň dowamynda korrupsiýa we eden-etdilik bilen ýakasyny tanadypdy. Şol partiýalaryň maksadynyň haýsy tarapdan ýel alýanlygyny hem çak etmek mümkin. Parlamente daýanýan demokratiýany dargatmak Moskwanyň Merkezi Aziýadaky esasy maksatlarynyň biri bolmagyna galýar.

Orsýetiň eli

Şu aýda geçirilen saýlawlara daşarky güýçleriň göni we gödek goşulyşanlygyna garaşsyz Gyrgyzystanyň taryhynda ilkinji gezek şaýat bolduk. Käbir ekspertler Gyrgyzystanyň Orsýete tarapdar syýasy toparlarynyň öz saýlaw kampaniýalary üçin 70 million dollara barabar pul sarp edenligini öňe sürýärler. “Ar-Namys” partiýasynyň Kremldäki raýdaşlaryndan uly maliýe komegini alandygyna köpler şübhelenmeýär.

“Ar-Namys” partiýasynyň ýolbaşçysy, öňki premýer-ministr Feliks Kulowyň Gyrgyzystanyň Orsýete goşulmagyna degişli teklibi bilen 2007-nji ýylda eden çykyşy ýatlanyňa degýär.

Gyrgyzystandaky saýlaw kampaniýalary döwründe Moskwa özüniň goldaýan syýasy partiýalaryndan başga syýasy toparlaryň abraýyna şek ýetirmek üçin elde baryny etdi. Orsýetiň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üns merkezinde ilkinji nobatda Ömürbek Tekebaýew bolupdy. Maglumatlar Gyrgyzystanyň Orsýete tarapdar partiýalary barada pozitiw, “Ata Meken” partiýasy barada bolsa negatiw çemeleşmeleri bilen tapawutlandy.

Emma Gyrgyzystanyň syýasy liderleriniň ýazgarylmagyna-da esas bar. Olaryň aglaba köpüsi eýerýän maksatlarynyň öz şahsy bähbitlerine baglydygyny görkezipdi. Käbir syýasy toparlar bolsa, koalisiýa hökmünde çykyş edip, parlamentde agramly orny eýelemek üçin amatly pursady elden berdiler.

Muňa garamazdan, awtoritar häkimiýeti agdarmagy başaran Gyrgyzystanyň halkynyň Moskwanyň täsirine hem garşy durmaga isleg görkezmeginiň uly ähmiýeti bar. Häzirki wagtda Kreml Gyrgyzystandan el çekip, ýurduň öz kanuny hökümetini özbaşdak gurmagyna näderejede mümkinçilik bermäge ukyply diýen sowal köpleri gyzyklandyrýan mesele bolmagyna galýar.

Çolpon Orozobekowa Ženewada ýaşaýan gyrgyz žurnalisti, BBC radiosynyň, Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň, Uruş we parahatçylyk maglumatlary institutynyň öňki žurnalisti, “De Facto” gazetiniň öňki baş redakory. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG