Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkezi Aziýa ugrunda göreş


Gyrgyzystanyň “Manas” harby howa bazasy
Gyrgyzystanyň “Manas” harby howa bazasy

XXI asyryň ilkinji onýyllygy tamamlanyp barýar. Ägirt uly nebit we tebigy gaz rezerwlerine eýe bolan Merkezi Aziýa regionynda Orsýet bilen bir hatarda, Hytaý hem uly syýasy we ykdysady güýç hökmünde sahna çykdy. Bu ýurtlaryň ikisi hem Merkezi Aziýa regiony bilen serhetdeş.

Geosyýasy termin bilen aýdylanda, “Ýewraziýanyň Balkanlary” diýlip atlandyrylýan Merkezi Aziýa regiony Atlantik okeanynyň günbatarynda ýerleşýän ABŞ-nyň hem daşary syýasy strategiýasynda möhüm orny eýeleýär. Emma Orsýetiň we Hytaýyň bu regiondaky barha ýokarlanýan agramy “Uly oýnuň” tamam bolanandygy barada pikirleri hem oýarýar.

Şu mesele bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosyndan Myrat Nurgeldi ABŞ-nyň Kolumbiýa uniwersitetiniň halkara gatnaşyklar boýunça professory, “Baza syýasaty: demokratik özgerişlik we ABŞ-nyň daşary ýurtlardaky harbylary” atly kitabyň awtory, Ýewraziýa regiony boýunça ekspert Aleksandr Kuleý bilen ýörite söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Jenap Kuleý, soňky wagtlar ABŞ-nyň Merkezi Aziýa boýunça uly strategiýasyndan el üzüp başlandygy baradaky pikirler orta atylýar. Siziň pikiriňizçe, “Uly oýun” tamamlandy diýip bolarmy?

Kolumbiýa uniwersitetiniň halkara gatnaşyklar boýunça professory Aleksandr Kuleý
A.Kuleý:
“Uly oýnuň”oýunçylarynyň arasyna ABŞ-nyň girip-girmeýänligi ýurduň daşary syýasaty boýunça iş alyp barýan adamlaryň arasynda hemişe çekeleşilýär. ABŞ-nyň Merkezi Aziýada işjeň rol oýnamalydygyny, bu regionyň ýurtlarynyň Günorta we Günbatara tarap ugrukdyrylmalydygyny aýdýan analitikler, kommentatorlar we syýasatçylar bar. Emma başga bir tarapdan, Merkezi Aziýada ABŞ-ny özüne çekip biljek hiç zadyň ýokdugyny, bu regionyň diňe Owganystanda dowam edýän harby operasiýalara goldaw bermek üçin kömek edip biljekdigini aýdýanlar hem köp.

Şeýlelikde syýasy jemgyýetçilik ikä bölünen ýagdaýda: biri ABŞ-nyň Merkezi Aziýada has işjeň rol oýnamalydygyny aýdýar, beýlekisi bolsa bu regionyň diňe häzirki wagtda owgan söweşine ýardam bermek üçin bir gural bolup biljekdigini, emma geljekde bu regionyň ABŞ-nyň daşary syýasy bähbitleri üçin möhüm rol oýnamajakdygyny öňe sürýär.

Azatlyk Radiosy: Soňky alty aýlykda Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan gazgeçirijisi boýunça degişli taraplaryň arasyndaky gepleşikler has hem gyzyşdy. Owganystandaky häzirki tranzit howpsuzlygyna nähili garaýarsyňyz?

A.Kuleý: Owganystanda gaz tranziti boýunça häzirki howpsuzlyk ýagdaýlary öwerlik däl. Bu proýekt barada ençeme ýyllar bäri aýdylyp gelinýär. Elbetde, Merkezi Aziýanyň gazyny akdyrjak turbanyň Günorta Aziýanyň ýüregine tarap çekilmegi geosyýasy taýdan juda möhüm bolup durýar.

Emma, gynansagam, Owganystandaky ýagdaýlar gowulaşmady, gaýtam soňky iki ýyl bäri hasam beterleşýär. Esgerleriň artdyrylmagy bilen hem ýagdaýlaryň durnuklaşjakdygy entek belli däl. Owganystanyň özündäki üpjünçilik we ýük gatnawy ýollaryň, hatda Päkistanyň territoriýasyndan geçýän ýollaryň hem nyşana alynýandygyny görýäris, ol marşrutlar howpsuz däl. Şol sebäpli, meniň pikirimçe, TOPH (Transowgan) proýekti täzeden gün tertibine girizilenem bolsa, şeýle gymmatbahaly we möhüm gazgeçirijiniň gurulmagy üçin howpsuzlyk şertleri öwerlik däl.

Azatlyk Radiosy: Geçen aý türkmen prezidenti Nýu Ýorka sapar edende, “Nabukko” proýektini kän agzaman, TOPH proýektiniň durmuşa geçirilmegi üçin ABŞ-nyň goldawyny sorandygy barada habarlar bar. Siziň pikiriňizçe, edil häzirki pursatda ABŞ “Transowgan” gaz geçirijisine goldaw bermäge taýýarmy?

A.Kuleý: Meniň pikirimçe, amerikan syýasatçylary üçin “Nabukko” proýekti heniz hem has möhüm bolup galýar. Transatlantik hyzmatdaşlygyna ýykgyn edýän ABŞ-nyň Ýewopadaky ýaranlary hem bu proýekte gyzyklanma bildirýärler. Şu nukdaýnazardan seredilende, “Nabukko” proýekti Waşington üçin has möhümdir.

Azatlyk Radiosy: Emma “Nabukko” proýektiniň gurluşygy ençeme gezek soňa süýşürildi. Bu proýektiň geljegine siziň özüňiz nähili garaýarsyňyz?

A.Kuleý: Meniň pikirimçe, bu proýekt iru-giç durmuşa geçiriler. Arasynda soňa goýulmalaryň, agyp-dönmeleriň boljakdygyna şübhe ýok. ÝB-niň resmileri gaz öndürijileriň gözleginde. Olar bu ugurda şu ýylyň ahyryna çenli jemleýji ylalaşygy baglaşarys diýen umytda. Meniň pikirimçe, 15 milliard kubmetr bolsun, 20 milliard kubmetr bolsun, olar bu ugurda gaz eksportlçylary bilen ylalaşyk baglaşyp, proýekte başlap bilerler. Esasy sorag – ahyrynda “Nabukko” turbalarynyň akdyrjak gazynyň möçberi başda göz öňünde tutulyşy ýaly, bir ýylda 30 milliard, ýa diýeli, 40 milliard kubmetre çykyp bilermi? Bu häzirki wagtda ikuçly.

Şeýle hem, görnüşine görä, bu Ýewropanyň energiýa howpsuzlygynyň diňe bir tarapy bolar. Emma ençeme syýasatçylaryň göz öňlerine getirişleri ýaly, bu proýekt - Günorta Ýewropanyň ors gazyna garaşlylygyna nokat goýjak jadyly proýekt bolmaz. Bu has kiçi göwrümli proýektdir. Gijikmeler bolan hem bolsa, indiki iki ýa üç ýylyň dowamynda bu proýektiň durmuşa geçirilmegi üçin mümkinçilikler bolar, men muňa ynanýaryn.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan Hytaýa gaz eksport edip başlandan soň, şonuň ýaly-da Eýrana satýan gazynyň möçberini artdyransoň, Moskwanyň Aşgabada bolan täsiriniň azalandygy aýdylýar. Türkmenistan özüniň häzirki energiýa syýasaty arkaly Moskwa, Tähran, Pekin we Günbatar bilen gatnaşyklaryny deňagramly ýagdaýda saklamak isleýärmi ýa-da bu geosyýasy strategiýa däl-de, diňe ykdysady we kommersiýa bähbitlerine esaslanýarmy?


A.Kuleý: Aslynda Türkmenistanyň geosyýasy agramy ykdysady güýjüne esaslanýar. Bularyň ikisini biri-birinden aýyrmak kyn. Elbetde, Türkmenistan özüniň bitaraplygyny we özygtyýarlylygyny hemişe öňde goýýar we dünýäniň dürli künjegindäki ýurtlar bilen gowy gatnaşykda bolmaga ýykgyn edýär.

Meniň pikirimçe, Türkmenistanyň öz energiýa we gazgeçiriji kontraktlary arkaly gatnaşyklaryny diwersifikasiýalaşdyrmagy we mümkin boldugyça dünýäniň dürli regionlary bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýmagy akylly we öňdengörüji syýasat.

Hytaý-Merkezi Aziýa gaz geçirijisiniň ýola goýulmagy, meniň pikirimçe, uly geosyýasy böwsüş, bu gaz geçiriji gündogara tarap ýüzüni öwürmäge Türkmenistana çynlakaý mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň Hytaý bilen umumylyklaryny Orsýetiňki bilen deňäp bolmaz, emma onda-da bu ýagdaý Moskwa bilen söwdalaşmaga Türkmenistana şert döredýär. Indi Türkmenistan öňküler ýaly gaz infrastrukturasy boýunça Moskwa elgarama bolmasa-da bolýar.

Şu sebäplerden ötri, Türkmenistan gazgeçirijileriň köpugurlylygy boýunça strategiýanyň tarapdary. Gazgeçirijileriň diwersifikasiýasy diýmek – dünýäniň bu ynjyk regionynda dürli ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagy aňladýar. Eýran, Ýewropa, Hytaý, Orsýet, meniň pikirimçe, bularyň hemmesi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň özenini emele getirýär.

Azatlyk Radiosy: Owganystandaky harby koalisiýa güýçlerine ýardam bermek üçin Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk etmek, mysal üçin, harby bazalar, tranzit ýollary boýunça işleşmek - ABŞ-nyň Merkezi Aziýa boýunça alyp barýan syýasatynyň iň esasy ugry. ABŞ-nyň Merkezi Aziýa boýunça strategiýasy Owganystandaky söweş tamamlanandan soň nähili bolar öýdüp, çak edýärsiňiz?

A.Kuleý: Edil häzirki wagtda esasy strategiýa şol, ýagny Owganystana barýan ýükler üçin tranzit goldawyny, şeýle hem harby baza we transport kömegini bermek. Emma Owganystandaky söweş tamamlanandan soň Merkezi Aziýa boýunça syýasatyň nähili boljakdygy anyk däl.

ABŞ Merkezi Aziýa regiony bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýdy, emma edil 1990-njy ýyllardaky ýaly çynlakaý häsiýetde däl. Şol döwürler bu regionda käbir proýektler amala aşyrylypdy, bu ýerlere kömekler iberilipdi. Bu regiondaky ýurtlar geçiş döwrüni başdan geçirýär diýlen düşünje bardy. Emma, muňa garamazdan, köp ýagdaýlar göz öňünde tutulanda, geçiş diýlen zat bolmady. Şol sebäpli, energiýa bähbitlerine eýerýän käbir ýangyç kompaniýalarynyňkydan başga, ABŞ-nyň bu regionda möhüm bähbitleriniň bardygyny anyk aýdyp biljek däl. Owgan söweşi tamamlandansoň gatnaşyklara nämäniň itergi berjekdigini aýtmak maňa kyn.

Meniň pikirimçe, indi syýasatçylaryň köpüsi Merkezi Aziýa regionyny esasan Orsýetiň we Hytaýyň mellegi hökmünde kabul edýärler. Şol sebäpli, Owganystanda ýagdaý durnuklaşansoň, ABŞ üçin bu regionyň ähmiýete has peseler.

Azatlyk Radiosy: Adam hukuklaryna geleli. Köpleriň ynanjyna görä, Merkezi Aziýa ýurtlarynda syýasy liberallaşma we adam hukuklaryna hormat goýulmagyna itergi bermek Waşington üçin iň agyr wezipeleriň biri. Muňa öz aladalary sebäpli Orsýetiň we Hytaýyň Merkezi Aziýa yurtlary boýunça alyp barýan syýasatlary sebäp bolýarmy ýa-da bu regionyň hökümetleriniň “durnuklylyk syýasatyna” esaslanýarmy?

A.Kuleý: Bularyň ikisini biri-birinden aýyrmak kyn. Meniň pikirimçe, biri-biri bilen bäsleşýän daşarky güýçleriň döremegi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümetleriniň “durnuklylyk syýasaty” diýýän zatlaryna itergi berdi. Orsýetiň öňe saýlanmagy, Hytaýyň güýçlenmegi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ABŞ-a we Günbatara ýüzlenip: “Duruň, biz öz howpsuzlygymyza üns berýäris, ylalaşmasaňyz, biziň başga mümkinçiliklerimiz hem bar. Adam hukuklary we demokratiýa diýip, bize basyş etmäň! O zatlar bu regionda ýöremez” diýmegine şert döretdi.

Şol sebäpli, bu çemeleşmeleriň özara baglanyşygy bar. Moskwanyň we Pekiniň syýasy sahnada esasy oýunçylar hökmünde peýda bolmagy ABŞ-nyň adam hukuklary, graždan jemgyýetçiligi we demokratiýa boýunça çagyryşlaryny yzyna gaýtarmaga regionyň hökümetlerine mümkinçilik berdi.

Azatlyk Radiosy: Ýakynda Gyrgyzystanda parlament saýlawlary geçirildi. Bu waka geljekde beýleki Merkezi Aziýa döwletleri üçin hem görelde bolup biler diýilýär. Gyrgyzystanyň parlament sistemasynyň geljegine nähili garaýarsyňyz? Bu döwlet de facto demokratik sistemaly Merkezi Aziýanyň ilkinji döwleti bolup bilermi?

A.Kuleý: Dogry aýdýaňyz, regional liderleriň köpüsi bu waka diňşirgenip seredýärler. Sebäbi bu waka syýasy liberallaşma we Merkezi Aziýanyň syýasy sistemasyna gabat gelýän ýa-da gelmeýän dolandyryş usullary baradaky soraglary keserdip goýýar. Bakyýewiň döwründe köpler Gyrgyzystanyň demokratik ýoldan ýöremeýändigine göz ýetiripdiler. Emma birdenkä ýagdaýlar üýtgäp, ýurtdaky syýasy sistema çalşyryldy we täze Konstitusiýa kabul edildi. Parlament saýlawlarynda bäş partiýa ýeňiş gazandy hem-de olar syýasy taýdan köpdürli – gyrgyz milletçileri, Moskwaparaz partiýalar, sosial-demokratlar, sosialistler, hökümetiň tarapdary bolan partiýalar we ş.m. Edil häzir bu demokratiýa üçin synag. Emma esasy sorag – bu ýagdaý uzak wagt saklanyp bilermi? Biz Gyrgyzystanda öň hem syýasy liberallaşma şaýat bolupdyk. Emma ol ähli güýji özünde jemleýän “bir güýçli adamyň” ýüze çykmagy bilen tamamlandy.

Meniň pikirimçe, gyrgyz demokrtasiýasy üçin esasy synag - demokratlar özara koalisiýany saklap bilerlermi? Oppozisiýadaky partiýalar resmi häkimiýetlere oppozisiýada durup, işläp bilerlermi? Indiki prezidentlik saýlawlarynda parlament bilen prezidentiň arasyndaky bäsleşik nähili bolar? - ine, şu soraglardan ybarat. Şol sebäpli demokratik synagyň üstünlik gazanyp-gazanmajakdygy barada bir zat aýdardan heniz juda ir. Saýlawlar geçirildi, netijeleri kabul edildi. Ýöne entek Gyrgyzystany birleşen parlament demokratiýasy diýip atlandyrarmak üçin entek köp wagt gerek bolar.
XS
SM
MD
LG