Sepleriň elýeterliligi

Yragyň premýer-ministri Türkiýä sapar edýär


Penşenbe güni Yragyň premýer-ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Nuri al-Maliki Türkiýä sapara başlady. Al-Malikiniň bu sapary regionda goldaw gazanmagy maksat edinýär.

Indiki ýylyň mart aýynda Yrakda geçiriljek saýlawlarda parlamentiň 325 ornunyň köpüsini eýelemek ugrunda Al-Maliki alada edýär.

Al-Maliki çarşenbe güni Müsürde eden çykyşynda, eger hökümet başynda galsa, Yragy täzeden gurmaga regiondaky döwletleri kömege çagyrjakdygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG