Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz syýasatçysyna hüjüm edildi


Kamçybek Taşiýew: "Bu wakada olaryň meni ogurlamak ýa-da öldürmek isleýändikleri belli boldy".
Kamçybek Taşiýew: "Bu wakada olaryň meni ogurlamak ýa-da öldürmek isleýändikleri belli boldy".
Hepdäniň ýekşenbe güni Gyrgyzystanyň «Ata-Žurt» partiýasynyň lideri Kamçybek Taşiýewiň öz janyna kast etmek synanyşygynyň gurnalandygyny aýdyp çykyş etmeginiň yzy bilen, Bişkekde onuň tarapdarlarynyň ýüzlerçesi protest demonstrasiýasyna çykdylar.

Bu protest demonstrasiýasy paýtagt Bişkekdäki parlament binasynyň öňünde geçirildi.

Ýakynda geçirilen parlament saýlawlarynda parlamentden orun alan esasy bäş partiýanyň hatarynda iň köp sese eýe bolan «Ata-Žurt» partiýasynyň lideri Kamçybek Taşiýew ýurduň ozalky prezidenti Kurmanbek Bakyýewiň tarapdarlaryndan biri hasaplanylýar.

Ol şenbe güni Bişkek şäheriniň eteginde ýerleşýän öz öýüne birnäçe ýaragly adamyň kürsäp girendigini, ýöne olaryň hüjümine öz janpenalarynyň böwet bolandygyny aýdyp, çykyş etdi: «Ozaly bilen, men bu waka meniň syýasy işim bilen baglanyşykly waka diýip baha berýärin. Ikinjiden, bu wakada olaryň meni ogurlamak ýa-da öldürmek isleýändikleri belli boldy, sebäbi olar meniň tarapyma bilkastlaýyn iki-üç gezek ok atdylar».

Taşiýew özüne hüjüm eden adamlary öz janpenalarynyň saklandyklaryny we olaryň ýaraglaryny hem-de dokumentlerini ellerinden alandyklaryny aýtdy. Ol özüne hüjüm eden şol adamlardan biriniň ýanyndan onuň Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk gullugynyň işgäridigini görkezýän dokumentiň tapylandygyny hem öňe sürdi.

Kim hüjüm etdi?

Gyrgyzystanyň polisiýasy Kamçybek Taşiýewiň öýünde hakykatdanam konfliktli bir wakanyň ýüze çykandygyny tassyklady, emma polisiýa wakanyň edil Kamçybek Taşiýewiň suratlandyryşy ýaly görnüşde ýüze çykmandygyny aýdýar.

Ýurduň Milli howpsuzlyk gullugy hem Taşiýewe bu gullugyň haýsydyr bir işgäriniň hüjüm edendigini ret edýär.

Gyrgyzystanyň harby prokurory Aýbek Turganbaýew Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda şol gürrüni edilýän wakanyň bolan wagty hakykatdanam Milli howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň Kamçybek Taşiýewiň öýüne barandyklaryny, emma olaryň bütinleý başga bir mesele bilen ol ýere barandyklaryny aýtdy.

Ol bu barada, hususan-da, şeýle diýdi: «Wakanyň bolan ýerine baran organ işgärleriniň hem-de adaty raýatlaryň sany barada häzirki wagt dürli hili nätakyk maglumatlar bar. Ýöne men bir zady aýdyp biljek, ýagny, ol ýere edil aýdylyşy ýaly derejede köp organ işgäri barmady. Ol ýerde döwlet howpsuzlyk gullugynyň bary-ýogy 4-5 sany işgäri boldy. Bizdäki bar bolan maglumatlara görä, ol ýerde operatiw çäreler geçirilipdir, ol çäreler bolsa asla Taşiýew bilen baglanyşykly çäreler hem däl»

Ýöne, muňa garamazdan, Aýbek Turganbaýew Gyrgyzystanyň döwlet howpsuzlyk edarasynda bu waka boýunça ýörite derňew işiniň geçirilmegine görkezme berendigini-de mälim etdi.

Koalisiýa tagallalary

Bu dawaly waka Gyrgyzystanyň parlamentinden orun alan partiýalaryň syýasy koalisiýa döretmek ugrunda çekeleşikli iş alyp barýan günlerine gabat geldi.

10-njy oktýabrda geçirilen parlament saýlawlary Gyrgyzystanda parlament demokratiýasyny döretmeklige tarap ädilen uly ädim hasaplanylýar.

Halkara synçylary bu saýlawlara azat we adalatly saýlawlar diýip baha berseler-de, saýlawlardan soň parlamentde koalisiýa döretmek meselesi dartgynly meselä öwrüldi. Hususan-da, Kamçybek Taşiýewiň «Ata-Žurt» partiýasy iň köp ses alan partiýadygyna garamazdan, parlamentde oppozision pozisiýany eýelemegi mümkin diýlip çaklanylýar.

Synçylaryň pikirine görä, täze konstitusiýanyň inisiatorlary bolup çykyş eden Sosial Demokratik partiýa bilen «Ata-Meken» partiýasy parlamentdäki üçünji bir partiýa bolan «Respublika» partiýasy bilen bileleşip, parlamentde dolandyryjy koalisiýany düzmekleri mümkin.

Ýöne bu heniz çaklama bolmagynda galýar. Dolandyryjy koalisiýany döretmek baradaky gepleşikler üstünlikli tamamlanýança, Gyrgyzystanyň premýer-ministri hem bellenmez.
XS
SM
MD
LG