Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mergi epidemiýasy Gaitiniň paýtagtynda


Mergi keselinden ejir çekýän gaitili ýerli keselhanada, Marçand Dessalin, 22-nji oktýabr 2010-njy ýyl.
Mergi keselinden ejir çekýän gaitili ýerli keselhanada, Marçand Dessalin, 22-nji oktýabr 2010-njy ýyl.

Mergi keseliniň Gaitiniň paýtagty Port-au-Prinsde iň bärsinden bäş adama degendigi kesgitlendi.

Bu epidemiýanyň indi öten ýanwarda bolan ýer yranmasyndan bäri paýtagtyň töwereklerinde gurlan çadyr lagerlerinde ýaşýan ilatyň arasyna ýaýramagyndan gorkulýar.

Mergi keseliniň şu wagta çenli ýaýran esasy ýeri ýurduň demirgazyk we merkezi regionlarydy. Bu ýerlerde ýüzlerçe adam öldi.

Gaitiniň Saglyk ministrliginiň wekili Gabriel Timote bu regionlarda näçe adamyň ölendigini takyk sanny düýn, ýekşenbe güni, habar berdi: “Öten agşam sagat 5-de toplanan maglumata görä, aşaky Artibonite bilen Merkezi Platodo bu kesele uçranlaryň jemi 3,015. Bu aşaky Artibonite bilen Merkezi Plato baradaky resmi san. Ölenler 253”.

Saglygy goraýyş işgärleriniň aýtmagyna görä, Port-au-Prinsdäki bäş syrkaw paýtagta merginiň ýaýran esasy regionlaryndan gelene meňzeýär.

Mergi keseliniň sähelçe başlangyçdan nähili tiz ýaýraýanlygyny Albert Şwaýtser keselhanasynyň doktory Ian Rawson şeýle düşündirýär: “Biz bu syrkawlary 16-njy oktýabr, şenbe gününden, beýläk görüp ugradyk. Näme keseldigini hem bilmeýärdik. Bular içgeçmeli syrkawlardy, ýöne sany gaty azdy. Onsoň sişenbe we çarşenbe güni syrkawlaryň sany köpelip başlady. Şondan bärki günlerde gelenler 90 töweregi adam. 20 adamy boşatsak, ýene 20 adam gelýär. Şeýlelikde gündelik 90 adamy keselhanada saklaýarys”.

Sabyn köp beladan goraýar

Rawsonyň aýtmagyna görä, hapa suwdan döreýän bu keseliň Artibonite derýasyndan gözbaş alan bolmagy ähtimal. Ilat ähli hajatlary üçin ýurduň merkezi regionyndan geçýän şu derýanyň suwuny peýdalanýar.

Mergi keseliniň ýaýramagynyň öňüni almagyň iň möhüm ýoly arassaçylyk. Şol sebäpden saglyk işgärleri bu regionyň içinde we daşynda ýaşaýan ilata sabyn, içimlik suwy arassalaýan dermany paýlaýarlar. Arassaçylygyň ähmiýetini halka öwretmek üçin ýörite medisina kampaniýalaryny geçirilýär.

Häzir resmileri umytlandyrýan mergi keseline ýolugýanlaryň sanynyň az-kem aşaklandygy. Olar bu bu keseliň öňüniň alnandygynyň alamaty diýip, umyt edýärler.

Gaitilileri gaýga goýýan ýene bir zat-da seýsmologlaryň ýeriň ýene bir gezek yranmagy mümkin diýýänligi. Alymlar: “Ýanwar aýynda ýurdy sarsdyran şikesli liniýanyň henizem gysyş astynda bolmagy mümkin” diýýäler.
XS
SM
MD
LG