Sepleriň elýeterliligi

Indoneziýadaky tebigy betbagtçylykda ölenler 340-dan geçýär


Indoneziýadaky deňiz tupany we atylan wulkan netijesinde ýüze çykan heläkçilikde ölenleriň sanynyň 340-dan geçýändigi habar berilýär.

Indoneziýanyň resmileriniň berýän maglumatlaryna görä, bu heläkçilik sebäpli 343 adam ölüpdir we 400-e golaý adam dereksiz ýitipdir.

Duşenbe güni Mentawi adalarynda 7,5 balla deň bolan ýer yranma boýy üç metre barýan deňiz tolkunlaryny döretdi.

Deňiz tolkunlarynyň ada baryp ýetmegi bilen ýüzlerçe jaýlar weýran boldy, ýollary we ekin meýdanlaryny suw basdy.
XS
SM
MD
LG