Sepleriň elýeterliligi

ÝHHG-nyň baş sekretary dekabrda Aşgabada geler


Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň baş sekretary Mark Perrin de-Briçambot dekabr aýynda Aşgabada baryp, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen özara gyzyklanma döredýän meseleler boýunça hyzmatdaşlygyň geljegi barada ýüzbe-ýüz gürrüň etmek mümkinçiligini gutlaýar.

Bu barada ÝHHG-nyň baş sekretarynyň Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 19 ýyllygy mynasybetli iberen gutlagynda aýdylýar.
XS
SM
MD
LG