Sepleriň elýeterliligi

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda dürli sebäplere görä hususy ýaşaýyş jaýlary ýa kwartiralary ellerinden alnan adamlar az bolmady.

Käte bu adamlardan käbirlerine kanuny ýollar bilen belli bir kompensasiýalara eýe bolmak başartsa-da, kanuny ýol bilen adalatlylyk gazanyp bilmeýän adamlar hem bar.

Aşgabatly 80 ýaşly Kaka aga öz ýaşaýyş jaýyndan mahrum bolandygy sebäpli, indi üç ýyldan bäri jaýlaryň ýerzemininde, demir ýol wokzalynda we beýleki çem gelen ýerlerde ýatyp-turup gün görýän raýatlardan biri.

Kaka aga öz kanuny hukugyna eýe bolmak üçin ýurduň hukuk goraýjy organlarynyň gapysyny her gün diýen ýaly kakýandygyna garamazdan, adalatlylyga eýe bolup bilmeýändigini aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa Kaka aganyň soňky ýagdaýlary bilen gyzyklanyp, onuň bilen ýörite söhbetdeş boldy.

Söhbetdeşligi diňlemek üçin sag tarapdaky audio düwmäni basyň.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG