Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistan söweş meýdanynda türgenleşik merkezini döredýär


Täjigistanyň Goranmak ministrligi Raşt jülgesinde daglyk ýerlerde uruşmagy öwretmek üçin türgenleşik merkezini döredýändigini aýdýar. Bu ýerde sentýabr aýyndan bäri 60-dan gowrak esger we howpsuzlyk işgäri öldürildi.

Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary Fariddun Mahmadaliýew bu ýere eýýäm dowam edýän howpsuzlyk operasiýalaryna gatnaşjak esgerleriň ýaşamagy üçin gyş çadyrlarynyň iberilendigini aýtdy.

Şeýle-de ol bu ýere basym hemişelik jaý gurmak üçin zerur bolan materiallaryň iberiljegini aýtdy.
XS
SM
MD
LG