Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistandaky adam hukuklaryna garaldy


Dr.Andrea Berg: "HRW guramasy Ýewropa Parlamentiniň 2009-njy ýylda Türkmenistanyň öňünde goýan şertlerine ünsi çekmäge çalyşdy. Sebäbi şol şertler Türkmenistan tarapyndan ýerine ýetirilmedi".
Dr.Andrea Berg: "HRW guramasy Ýewropa Parlamentiniň 2009-njy ýylda Türkmenistanyň öňünde goýan şertlerine ünsi çekmäge çalyşdy. Sebäbi şol şertler Türkmenistan tarapyndan ýerine ýetirilmedi".

Ýakynda Ýewropa Parlamentinde Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy temasyndan diňlenişik geçirildi.

Ýewropa Parlamentiniň Daşary gatnaşyklar komitetiniň adam hukuklary boýunça bölüminiň 26-njy oktýabrda geçiren bu çäresi Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistan bilen baglaşmagy planlaşdyrýan Ýaranlyk we Hyzmatdaşlyk ylalaşygy nukdaýnazaryndan Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy barada pikir alşyk görnüşinde geçirildi.

Ýewropa Parlamentiniň resmi maglumatyna görä, duşuşykda Türkmenistan bilen Ýaranlyk we Hyzmatdaşlyk ylalaşygy boýunça dokladçy Norika Nikolai, adam hukuklaryny goraýjy “HRW” guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça wekili Dr.Andrea Berg, “Açyk Jemgyýet institutynyň” syýasy analitigi Jaklin Hale we Ýewropa Komissiýasynyň Gündogar Ýewropa, Günorta Kawkaz we Merkezi Aziýa boýunça müdiri Gunnar Wigang çykyş etdiler.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyndan Gözel Hudaýberdiýewa bu diňlenşige gatnaşan Dr.Andrea Berg bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Ýewropa Parlamentinde geçirilen bu çäre barada gürrüň berseňiz. Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga we ýurduň adam hukuklarynyň ýagdaýyna degişli nähili çykyşlar edildi?

Dr.Andrea Berg: Bu adaty bir duşuşyk bolman, 200-e golaý adamyň gatnaşmagynda diňlenişik görnüşinde geçirildi. Onuň maksady Ýewropa Parlamentiniň agzalaryny Türkmenistanda adam hukuklarynyň problemalary barada habarly etmekden ybarat boldy. Sebäbi Ýewropa Bileleşigi indiki aýda parlament tarapyndan tassyklansa, Türkmenistan bilen Ýaranlyk we Hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşygy kabul etmekçi.

Azatlyk Radiosy: Çykyş edenler tarapyndan nähili meseler gozgaldy?

Dr.Andrea Berg: Maslahatda çykyş edenleriň dördüsiniň-de Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy barada sözlän sözleri biri-biriniňkiden tapawutlandy. Hususan-da, HRW guramasy Ýewropa Parlamentiniň 2009-njy ýylda Türkmenistan bilen wagtlaýyn söwda ylalaşygyny baglaşmak kararyny yglan edende, bu ýurduň öňünde goýan şertlerine ünsi çekmäge çalyşdy. Sebäbi şol şertler Türkmenistan tarapyndan ýerine ýetirilmedi.

Azatlyk Radiosy: Edilen çykyşlaryň biri-birinden tapawutlananlygyny aýtdyňyz. Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri tarapyndan edilen çykyşlaryň mazmuny nämeden ybarat boldy?

Dr.Andrea Berg: Ýewropa Komissiýasynyň wekiliniň we ylalaşyk boýunça dokladçynyň Türkmenistan bilen Ýaranlyk hem Hyzmatdaşlyk ylalaşygyna tarapdar bolup çykyş edenligi diskussiýanyň esasy problemasy boldy. Emma diňlenişikde Ýewropa Parlamentiniň beýleki wekilleri tarapyndan ylalaşyk barada şübheli garaýyşlar hem mälim edildi.

Şeýlelikde orta atylan pikirlere syn etsek, käbirleri Türkmenistanyň adam hukuklaryna degişli ýagdaýy gowulandyrmaga tarap ýeterlik ädim ätmeýänligini bellediler, beýlekiler bolsa Ýewropa Komissiýasy ylalaşygy makullamasa, Türkmenistanyň hasam üzňeleşmegine itergi beriljeginden aladalanma bildirdiler.

Türkmenistan bilen Ýaranlyk we Hyzmatdaşlyk ylalaşygynyň baglaşylmagy bu ýurt bilen dialogy güýçlendirmek üçin gural bolup biler diýen pikriler hem orta atyldy.

Azatlyk Radiosy: Şeýle pikirlere HRW guramasy nähili garaýar?

Dr.Andrea Berg: HRW Türkmenistan öz öňünde goýlan şertleri berjaý edýänçä, Ýewropa Parlamentini bu ylalaşygy baglaşmazlyga ündemek pozisiýasyny eýeläp gelýär. Sebäbi ýurduň öňünde şertleri goýmak, soň şol şertler ýerine ýetirilmezden öňe tarap ýene bir täze ädimi ätmek kada laýyk gelmeýär. Biziň pikirimize görä, indiki ädim ädilmezden öňürti öňki ädimleriň netijelerine seretmeli.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýyna halkara jemgyýetçiliginde ünsüň gowşamazlygy üçin näme etmeli?

Dr.Andrea Berg: Halkara guramalaryň we halkara sahnasyndaky möhüm oýunçylaryň Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýyna yzygiderli üns bermeginiň uly ähmiýeti bar. Ýurduň resmi beýannamalaryna we berýän wadalaryna däl-de, ünsi hakyky ýagdaýa we halkara borçlaryň berjaý edilişine gönükdirmeli. Sebäbi adam hukuklaryna hormat goýmak we kanunlary gyşarnyksyz berjaý etmek ýaly gymmatlyklara eýerýän Ýewropa Bileleşigi şeýle gymmatlyklara eýerýän ýurtlar bilen ýaran bolmaga çalyşmaly.
XS
SM
MD
LG