Sepleriň elýeterliligi

Respublikanlaryň ýeňşi ABŞ-nyň daşary syýasatyna täsir etjege meňzeýär


Respublikan partiýasynyň Kongrese saýlawlarda ýeňiş gazanmagy Birleşen Ştatlaryň daşary syýasatynyň ugurlaryna güýçli täsir etjege meňzeýär. Ekspertler: “Eýran barada berk liniýa ýörediler, Orsýet bilen gatnşyk çylşyrymlaşar, amerikan esgerleriniň Owganystandan çykarylmagynyň hem yza süýşürilmegi mümkin” diýýärler.

Ýöne dürli ýurtlary Birleşen Ştatlaryň ýarany ýa duşmany diýip bölmekde hem garaşylmadyk ýagdaýlaryň bolmagy ahmal. Bu näbellilige sebäp bolýan respublikanlaryň Wekiller palatasyna kontrollyk etmegine kömek eden “Tea Party” hereketiniň daşary syýasy meselelerde tutumynyň anyk däldigi.

Ýöne belli zat bu saýlawdan soň hem Amerikanyň ýurduň çäklerinden daşarda alyp barýan işleriniň esasy sudurynyň üýtgewsiz galjakdygy. Sebäbi Birleşen Ştatlaryň Baş kanunynda daşary syýasatyň ugurlaryny kesgitlemekde prezidente köp ygtyýar berilýär. Galyberse-de, Senat şindi-de demokratlaryň kontrollygynda. Prezidentiň işlerini goldamakda we bökdemekde munuň hem uly roly bar.

Ýöne indi Wekiller palatasy respublikanlaryň kontrollygynda. Bu hem Ak Tama garşy çykmaga olaryň elinde bir mümkiniçilik bolup durýar.

Öňki diplomat Elliott Abrams Eýranyň ýadro programmasy baradaky syýasatyň berkemegine garaşýar. Ol: “Meniň pikirimçe, respublikanlar Eýran bilen gepleşik geçirip, olaryň uran baýlaşdyrmagyna ýol berjek ylalaşyklar bolmaly däl diýerler. Olar tutumy gataldyp, gepleşik arkaly gelnen her bir ylalaşyk uran baýlaşdyrylmagynyň soňy bolmaly diýerler. Administrasiýanyň Eýran barada girizen sanksiýalary güýçli goldanar” diýýär.

Dörän täze ýagdaýdan zyýana uçramagy mümkin ýene bir zat-da ýadro ýaraglarynyň sanyny çäklendirmek barada Orsýet bilen bolan täze START şertnamasy. Obama bilen Medwedew tarapyndan aprel aýynda gol çekilen bu şertnamany hem Orsýetiň parlamenti hem-de amerikan Senaty oňlamaly.

Waşingtonyň Brookings institutynyň işgäri Fiona Hilliň pikiriçe, respublikanlaryň senatyň bu şertnamany oňlamazlygyny wagyz etmegi ähtimal. “Administrasiýa muny (START şertnamasyny) çyndan isleýäne meňzeýär. Ýöne respublikanlar olaryň hiç bir meselede üstünlik gazanmagyny islänoklar” diýip, Hill aýdýar.

Respublikanlaryň daşary syýasatda tejribeli wekilleri, şol sanda prezidentlige öňki kandidaty John MkKein hem Obamanyň amerikan esgerlerini Owganystandan çykarmak barada sene bellemegini tankytlady. Ýöne “Tea Party” agzalarynyň bu baradaky tutumy belli däl. Olaryň käbir zatlary garyşdyrmagy mümkin.

Häzir belli zat bu saýlawdan prezident Obamanyň güýçsüz prezident bolup çykanlygy.

Abrams muny şeýle düşündirýär: “Umuman aýdanyňda, oňa garşy çykjak her bir adamyň garşy çykmak aňsat diýip pikir etmegi mümkin. Mysal üçin, ysraýyllylar bilen palestinalylaryň hiç biri gepleşigi, biziň Birleşen Ştatlarda isleýşimiz ýaly, islemeýäne meňzeýar. Meniň pikirimçe, olaryň ikisi-de indi gepleşiklerden yza çekiljek bolsa, özüni öňküsinden erkinräk duýar”.

Abramsyň pikiriçe, bu saýlawlaryň netijesi Obamanyň işini birneme kynlaşdyrdy.
XS
SM
MD
LG