Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýolagçylar “Türkmenhowaýollaryndan” nägile


Türkmenbaşy şäheriniň halkara aeroporty
Türkmenbaşy şäheriniň halkara aeroporty

Penşenbe güni geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer N.Şagulyýew çykyş edip, ýurduň ulag we aragatnaşyk pudaklarynda şu ýylyň 10 aýynda geçiren işleriniň jemleri barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow ýurduň ulag we aragatnaşyk pudaklaryna jogap berýän wise-premýeriň hasabatyny diňläp, soňky wagtlarda raýatlaryň köpüsiniň «Türkmenhowaýollary» milli döwlet gullugynyň işinden nägilelik bildirýändiklerini belledi.

Ýolagçylara awiabiletler satylan mahaly adamlaryň ýüzbe-ýüz bolýan bidüzgünçilikleri, ýolagçylara edilýän hyzmatyň, uçarlaryň üstünde berilýän naharlaryň hiliniň pesdigi sebäpli prezident “Türkmenhowaýollarynyň” başlygy Kakalyýewe berk käýinç yglan etdi.

Öňki prezidentiň döwründe bu gullugyň işinde korrupsiýanyň gülläp ösendigi zerarly öz wagtynda bilet satyn almagyň kyn bolandygy, aeroportlarda arassaçylygyň sanitariýanyň talaplaryna laýyk gelmändigi Azatlyk Radiosyna gelip gowuşýan maglumatlarda aýdylýardy.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Osman Hallyýew prezident G.Berdimuhamedowyň döwründe bu gullugyň işiniň birneme gowulaşandygyny aýdýar we welaýat merkezlerindäki aeroportlaryň ählisiniň diýen ýaly durkunyň täzelenendigini belleýär.

Aeroportlar gurulýar, ýöne arassaçylyk agsaýar

“Türkmenbaşy aeroportynyň jaýy, uçuş zolaklary halkara talaplaryna laýyk geler ýaly enjamlaşdyryldy. Maryda-da uly uçarlary kabul edip bilýän uly aeroport gurlup, ulanylmaga berildi. Welaýat merkezlerindäki aeroportlar döwrebaplaşdyrylýar” diýip, O.Hallyýew aýdýar.

Her ýyl «Türkmenhowaýollary» milli döwlet gullugynyň gowy we amatly şertlerde işlemegi üçin ABŞ-nyň «Boeing» uçarlarynyň birnäçesi satyn alynýar. Häzir Aşgabatdan dünýäniň käbir şäherlerine halkara uçar gatnawlary kadaly ýagdaýda ýola goýuldy.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan Türkmenistanyň ýaşaýjsy uçara bilet satyn almak meselesinde entegem parahorlygyň bardygyny aýdýar: “Adamlar häzirem bilede nobata durýarlar. Eger-de puluny köpräk berjek diýseler, öňräginden hem bilet tapyp berýärler”.

Ýurduň prezidenti soňky maslahatda aeroportda ýolagçylara hyzmat edilişinde hem käbir kemçilikleriň bardygyny belledi. Aeroportlaryň arassaçylyk ýagdaýynyň talaba laýyk däldigini Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy O.Hallyýew hem tassyklaýar.

Içerki gatnawlar

Soýuz döwründe ýurduň çetki regionlary bilen Aşgabadyň arasynda howa gatnawy bardy. Emma soňky ýyllarda şol reýsleriň ýatyrylmagynyň adamlar üçin amatsyz ýagdaýy döredendigini Azatlyk Radiosynyň habarçysy Türkmenistandaky habarçysy O.Hallyýew sözüniň üstüne goşdy.

«Öňler Könürgenç, Kerki ýaly şäherler bilen paýtagt Aşgabadyň arasynda günde 2-3 gezek kiçi uçarlar gatnardy. Adamlar şol howa gatnawlarynyň täzeden dikeldilmegini isleýärler. Munuň üçin hem 40-50 adamlyk uçarlary almaly” diýip, O. Hallyýew aýdýar.

Häzir Gazojakda ýaşaýan Hajar bu barada şeýle diýýär: “Biziňem Aşgabatda dogan-garyndaşlarymyz bar. Aşgabada barmak üçin öňler uçarlara münýärdik we bir sagatda baryp düşýärdik. Indi şol reýsi ýatyrdylar. Eger-de şol reýsi açsalar gowy bolardy”.

“Umuman, gullugyň işiniň adamlara amatly bolmagy üçin ilki bilen onuň işgärleriniň adamlara bolan gatnaşygyny üýtgetmeli. Ikinjiden, adamlara hyzmat edilişine aýratyn üns bermeli” diýip, Hallyýew belledi. “Sebäbi aeroportlaryň işgärleri ýolagçylar bilen gaty gödek gepleşýärler”.
XS
SM
MD
LG