Sepleriň elýeterliligi

Obama Ysraýylyň premýer-ministrine hoşallyk bildirdi


Düýn Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Waşingtonda geçiren gepleşiginde Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netenýahuwyň Ýakyn Gündogar parahatçylyk meselesindäki käbir soňky ädimlerinden hoşaldygyny aýtdy.

Hususan-da, prezident Obama Benýamin Netenýahuwyň öz Ministrler Kabinetinden Günbatar Kenardaky gurluşyklary ýene 90 gün doňdurmak barada Birleşen Ştatlaryň öňe süren taslamasyny kabul etmek barada eden haýyşyna hoşallyk bildirdi.

Sentýabr aýynda Günbatar Kenardaky gurluşyklaryň doňdurylan möhletiniň soňlanmagy bilen, Ysraýyl ol ýerdäki gurluşyk işlerini ýene gaýtadan ýola goýupdy. Bu bolsa, öz gezeginde, Ysraýyl bilen Palestinanyň arasyndaky parahatçylyk gepleşikleriniň togtamagyna getirdi.
XS
SM
MD
LG