Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň raýatyna garşy Nýu-Ýorkda sud işi başlandy


Bikanun ýarag söwdasynda aýyplanylýan we öňňin Taýlanddan Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ekstradisiýa edilen Orsýetiň raýaty Wiktor Butyň işi boýunça düýn Nýu-Ýorkda ilkinji sud diňlenişigi boldy.

Bu sud diňlenişiginde Wiktor But özüne bildirilýän jenaýat aýyplamalaryny inkär edýändigini aýtdy.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary oňa 1990-njy ýyllaryň başlaryndan bäri Afrikadaky, Günorta Amerikadaky we Ýakyn Gündogardaky diktator režimlere hem-de terrorçy toparlara ýarag satyp, goldaw berip gelenlikde aýyplama bildirýär.

Wiktor But terrorizmde we bikanun ýarag söwdasynda günäli tapylan halatynda oňa ömürlik türme tussaglygynyň berilmek howpy abanýar.
XS
SM
MD
LG