Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: köp ýurtlarda dini erkinlik ýok


Aşgabatdaky Aleksandr Newski adyndaky rus prawoslaw kelisesi, 7-nji ýanwar 2010-njy ýyl.
Aşgabatdaky Aleksandr Newski adyndaky rus prawoslaw kelisesi, 7-nji ýanwar 2010-njy ýyl.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň hökümeti dünýäniň köp ýerlerinde dini erkinligiň ýoklugynyň özüni biynjalyk edýänligini aýdýar. Adamy aýratyn aladalandyrýan ýurtlar diýip, ýene Eýran we Özbegistan agzalýar. Bu ýerde graždanlaryň dini däpleri berjaý etmek erkinliginiň berk çäklendirilýänligi bellenilýär.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departmentiniň çarşenbe güni Waşingtonda çykarylan ýyllyk hasabatynda 2009-njy ýylyň 1-nji iýulyndan 2010-njy ýylyň 30-njy iýunyna çenli bolan döwür içinde 128 ýurtda dini erkinlik barada bolan öňegidişlikler we bar bolan problemalar sanalyp geçilýär.

Klinton: "Dini erkinlik öz raýatlaryna ýaramaz çemeleşýän awtoritar režimler tarapyndan howp astynda dur".
Döwlet sekretary Hillary Klinton çarşenbe güni žurnalistlere: “Birleşen Ştatlar beýleki ýurtlaryň üstünden kazylyk etjek bolanok. Ol özüni bir kämil görelde diýip hem hasap edenok. Ol diňe amerikanlaryň dini erkinligiň aladasyny edip, oňa esasy adam hukuklarynyň biri diýip düşünýändigini görkezmäge synanyşýar” diýdi.

“Dini erkinlik öz raýatlaryna ýaramaz çemeleşýän awtoritar režimler tarapyndan howp astynda dur. Ol mezhep dartgynlygyny artdyryp, ondan peýdalanýan gazaply ekstremistik toparlar tarapyndan bu ugurda howp döredilýär. Dini erkinlige assyrynlyk bilen üznüksiz dowam edýän çydamsyzlyk we ynamsyzlykdan ýetýän zyýan hem howp salýar” diýip, Klinton aýtdy.

Dini erkinligi berk çäklendirip, aýratyn alada sebäp bolýan ýurtlaryň biri öňküsi ýaly ýene Eýran. Döwlet sekretarynyň kömekçisi Maýkl Pozner bu ýerde ýagdaýň entek hem ýaramazlaşýandygyny aýtdy: “Eýranda hökümetiň dini erkinlige bolan sylag-hormaty öňküsi ýaly ýene ýaramazlaşýar, aýratyn-da bahaýylar ýaly toparlar barada”.

Merkezi Aziýa

Aýratyn alada döredýän ýurtlaryň ýene biri Özbegistan. “Özbegistanda hökümetiň dini erkinlige bolan hormaty öten ýyl köp ýerlerde peseldi. Hökümet hristian we bahaýylaryň ybadathanalaryna hüjüm edip, dini azlyklara degişli adamlara jerime salyndy ýa-da başga çäklendirmeler girizildi” diýip, Pozner belledi.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň hasabatynda Täjigistanyň esasy kanunynda dini erkinligiň ykrar edilýänligi, ýöne parlament we hökümet tarapyndan çykarylýan permanlaryň bu hukuga ters geýänligi hem aýdylýar. Barlag geçirilen döwür içinde Täjigistan dünýewiligi ösdürip, dini işleri berk gözegçilik astyna alypdyr.

“Täjigistanda 2009-njy ýylyň mart aýynda çykarylan kanun dini gurama açmagy, şol sanda ybadathana we medrese gurmagy-da berk gözegçilik astyna alýar” diýlip, hasabatda bellenýär. Bu kanun şeýle hem dini guramalardan 2010-njy ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli öz guramalaryny hökümetde hasaba aldyrmagy talap edýärdi.

Türkmenistanda hem Baş kanunda dini azatlyk kepillendirilýär. Döwlet dini diýen zat ýok. Emma Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň hasabatynda: “ Türkmenistanyň häkimiýetleri iş ýüzünde dini işleriň ýerine ýetirilmegini berk çäklendirmegi dowam etdirdi” diýilýär.

Hasabat taýýarlanan döwürde türkmen hökümetiniň dini hormatlamagynda ownuk-uşak öňegidişligiň bolandygy aýdylýar. Muňa mysal edip hem katolik ybadathanasynyň hasaba alnandygy, käbir dinlere daşary ýurtlardan dini ýolbaşçylary çagyryp, myhman almaga ýol berlendigi bellenilýär.

Ýöne Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň hasabatynda Türkmenistanda hasaba alnan we alynmadyk käbir dini toparlaryň agzalaryna erbet çemeleşilýänligi hem aýdylýar. Dini toparlaryň ençemesi hem heniz hem özlerini hasaba aldyryp bilenoklar.
XS
SM
MD
LG