Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran we Demirgazyk Koreýa barada rezolýusiýa kabul edildi


Düýn BMG-niň Baş Assambleýasynyň adam hukuklary baradaky ýörite Komiteti Eýran bilen Demirgazyk Koreýany adam hukuklaryny bozmaklykda aýyplap, ýörite rezolýusiýa kabul etdi.

Düýn Eýran barada şeýle rezolýusiýanyň kabul edilmegini Komitetiň agzalaryndan 80-si goldady, 44-si oňa garşy ses berdi we 57-si ses bermekden saklandy.

Demirgazyk Koreýa baradaky rezolýusiýanyň kabul edilmegini bolsa, Komitetiň agzalaryndan 103-si goldap, 18-si oňa garşy ses berdi we 60-sy ses bermekden saklandy.

Bu kabul edilen aýry-aýry rezolýusiýalarda Eýranda we Demirgazyk Koreýada raýatlaryň hukuklarynyň örän giň gerimde depelenýändigi bellenip, bu ýagdaý berk tankyt edilipdir. Kabul edilen bu rezolýusiýalar geljek aý BMG-niň Baş Assambleýasynda umumy sese goýlar.
XS
SM
MD
LG