Sepleriň elýeterliligi

Türkmen aktiwistiniň Astana barmagy ‘hatarly’


Astanada 26-28-nji noýabrda ÝHHG-niň syn ediji konferensiýasynyň üçünji tapgyry geçiriler.

Astanada 26-28-nji noýabrda ÝHHG-niň syn ediji konferensiýasynyň üçünji tapgyry geçiriler.

Gazagystan 1-2-nji dekabrda ÝHHG-ä agza döwletleriň baştutanlarynyň sammitini geçirmäge we onuň öň ýanynda 26-28-nji noýabrda ÝHHG-niň syn ediji konferensiýasynyň üçünji tapgyryny geçirmäge taýýarlyk görýär.

Gazagystanyň paýtagty Astanada geçiriljek sammite Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem gatnaşmagyna garaşylýar. ÝHHG-niň Astanada geçiriljek konferensiýasyna bolsa türkmen graždan aktwistleri hem gatnaşmaga synanyşýarlar.

Dissidente ‘duýduryş’

ÝHHG-niň konferensiýasyna gatnaşmaga synanyşýan Bolgariýada ýaşaýan türkmen aktiwisti Annadurdy Hajyýewiň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, wiza beren Gazagystanyň Sofiýadaky ilçihanasy Hajyýewe Gazagystanda tussag edilmek howpunyň abanýanlygyny duýdurypdyr.

Gazagystanyň Bolgariýadaky ilçihanasyna saglylanyp, türkmen aktiwisti Hajyýew şeýle diýýär: “Ilçihananyň ikinji sekretary Talgat Ketebaýew wiza kynçylygynyň ýokdugyny we maňa wizanyň berlenligini aýtdy. Emma Gazagystana baran badyma meniň tussag ediljegimi açyk duýdurdy”.

Türkmenistanyň maliýe pudagynyň öňki resmisi Annadurdy Hajyýew ÝHHG-niň syn ediji konferensiýasynyň 26-njy 28-nji noýabr aralygynda Astanada geçiriljek üçünji tapgyryna gatnaşmak üçin wiza sorap, Gazagystanyň Bolgariýadaky ilçihanasyna 8-nji noýabrda ýüz tutupdy.

Emma, adatça 5 günüň dowamynda berilýän wiza meselesi uzaga çekensoň, Annadurdy Hajyýewiň ÝHHG-niň Astanadaky konferensiýasyna gatnaşmagy bilen bagly kynçylyklar adam hukuklaryny goraýjy “Memorial” guramasynyň maglumaty arkaly köpçüligiň dykgatyna ýetirildi.

Hajyýew 22-nji noýabrda özüne Gazagystanyň ÝHHG-däki hemişeki wekiliniň orunbasary Usen Suleýmenowyň Wenadan telefon arkaly jaň edip, wiza meselesiniň oňyn çözlenligini aýdanlygyny we Gazagystanyň ilçihanasyna ýüzlenmegi haýyş edenligini Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Türkmen aktiwisti Annadurdy Hajyýewiň ady Interpolyň sanawlarynda ýok. Mundan öň Türkmenistanyň häkimiýetleriniň onuň üstüne ýöňkelýän ykdysady aýyplamalar üçin onuň Türkmenistana tabşyrylmagyny soranlygy, emma Bolgariýanyň sudunyň bu talaby ret edenligi habar berilýär.

Hajyýewiň gazak diplomaty Talgat Ketebaýewe salgylanyp, habar bermegine görä, onuň Türkmenistana tabşyrylmagy barada Gazagystanyň Baş prokuraturasyna türkmen tarapyndan talap haty gowuşypdyr we bu çäre Minsk Konwensiýasynyň çäginde göz öňünde tutulýar.

Tassyklanmady, ýöne ret hem edilmedi

Emma häzirki wagtda ÝHHG-e ýolbaşçylyk edýän Gazagystanyň Bolgariýadaky ilçihanasynyň ikinji sekretary we konsuly Talgat Ketebaýew Azatlyk Radiosyna beýanat bermekden ýüz öwrüp, muny özüniň maglumat bermäge ygtyýarynyň ýoklugy bilen düşündirdi.

Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň resmisi Ilýas Omarow bolsa Ýewropada howpsyzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň çärelerine türkmen aktiwistleriniň gatnaşmak mümkinçiliklerine we olaryň howpsuzlygyna degişli maglumatyň özünde ýokdugyny Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Emma Ilýas Omarow Gazagystanyň birek-birege kanuny ýardam bermek ylalaşygynyň çäginde GDA döwletleriniň, hususan-da Özbegistan bilen Orsýetiň, resmi talaplaryny kanagatlandyryp, ol ýa beýleki adamlary tussag etmek we tabşyrmak tejribeleriniň bardygyny belledi.

Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Ilýas Omarowyň sözlerine görä, Gazagystan beýleki döwletleriň ýüzlenmesi boýunça öz territoriýasynda tussag etmek we degişli ýurda tabşyrmak çärelerini Minsk Konwensiýasynyň çäginde amala aşyrýar.

Emma Ilýas Omarow Gazagystanyň Türkmenistan bilen Minsk Konwensiýasynyň çäginde kanuny hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşygyň öz güýjünde galanlygyndan ýa-da galmanlygyndan özüniň habarsyzdygyny aýtdy we muny anyklamagy wada berdi, emma häzire çenli maglumat gowuşmady.

Minsk Konwensiýasy, ýagny Graždan we jenaýat işleri boýunça kanuny ýardam hem kanuny gatnaşyklar boýunça Konwensiýa 1993-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda kabul edilipdi. 1997-nji ýylyň 28-nji martynda konwensiýa degişli protokola hem gol çekilipdi.

Şol dokumentlere gol çeken döwletleriň arasynda Türkmenistan hem bardy. Emma Türkmenistan 2005-nji ýylda GDA guramasynyň hemişelik agzalarynyň hataryndan çykdy. Ýurduň gol çeken Minsk Konwensiýasynyň şondan soň güýjünde galyp-galmanlygy resmi metbugatda habar berilmedi.

Ilkinji gezek däl

Türkmen häkimiýetleriniň Gazagystana basyş edip, ÝHHG-niň Astanada geçirilýän çärelerine türkmen dissidenleri gatnaşan ýagdaýynda 1-2-nji dekabrda ol ýerde boljak sammite Türkmenistanyň prezidenti gatnaşmaz diýip haýbat atýanlygyny “Memorial” guramasy habar berýär.

Düýbi Moskwada ýerleşýän “Memorial” guramasynyň ýaýradan maglumatlarynda Gazagystan tarapynyň türkmen graždan aktiwistlerine wiza bermezlik we olaryň ÝHHG-niň konferensiýalaryna gatnaşmagyna päsgelçilik döretmek ýaly hereketlerini dowam etdirýänligi öňe sürülýär.

Häzirki wagtda ÝHHG-ä baştutanlyk edýän Gazagystanyň resmileri öz ýolbaşçylygynda geçirilýän halkara çärelerine hökümete degişli bolmadyk guramalaryň wekilleriniň, şol sanda türkmen dissidentleriniň we adam hukuklaryny goraýjylaryň gatnaşmagyna garşy däldiklerini aýdýarlar.

Emma adam hukuklaryny goraýjy “Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň müdiri Farid Tuhbatullin: “ÝHHG-niň şu ýylky çärelerine türkmen wekilleriniň gatnaşmagyna döredilen päsgelçilikler Gazagystanyň guramanyň düzgünlerini açyk depeleýänligini görkezýär” diýýär.

ÝHHG-niň konferensiýalaryna türkmen dissidentleriniň gatnaşmagyna päsgelçilikleriň döredilmegi bilen bagly problemalar şu ýylyň oktýabar aýynyň başynda konferensiýanyň Warşawada geçirilen birinji tapgyrynda başlanypdy we yz ýany Wenada bolan ikinji tapgyrynda ýene gaýtalanypdy.

ÝHHG-niň syn ediji konferensiýasynyň Astanadaky tapgyrynda metbugat azatlygy, emigrantlara garşy çydamsyzlyk, adam söwdasyna garşy göreş boýunça Warşawada başlanan diskussiýalar dowam etdiriler. Duşuşykda esasan çaga söwdasyna garşy göreş barada maslahat ediler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG