Sepleriň elýeterliligi

Eýranda iki sany ýadro alymyna hüjüm edildi


Şu gün Eýranda iki sany ýadro alymyna bomba hüjümleri amala aşyryldy. Şol hüjümlerde bir alymyň ölendigini, beýlekisiniň bolsa agyr şikes alandygyny Eýranyň mediasy habar berdi.

Berilýän maglumatlara görä, alymlar işe barýan wagtlary motosikletli hüjümçiler olaryň ulaglaryna partlaýjy serişde zyňypdyrlar.

“Şehid Behişti” uniwersitetiniň ýadro inženerçilik bölüminiň agzasy Majid Shahriarini öldi, ikinji hüjümde ýadroçy fizik Fereýdoon Abbasä we onuň aýalyna şikes ýetdi.

Eýranyň “Fars” we “ISNA” habar gulluklary bu hüjümleriň arkasynda Birleşen Ştatlaryň we Ysraýylyň agentleriniň durandygyny öňe sürdüler.
XS
SM
MD
LG