Sepleriň elýeterliligi

Täjigistanyň günortasyndaky çaknyşykda 3 ofiser öldi


Şu gün Täjigistanyň günortasynda dörän çaknyşyklarda ýurduň howpsuzlyk güýçleriniň 3 ofiseriniň öldürilendigi barada habar berildi.

Habar gulluklarynyň berýän maglumatlaryna görä, bu waka düýn giçlik daglyk Baljuwon raýonynda ýüze çykypdyr.

Baljuwon raýony Raşt jülgesine golaý ýerleşýär. Raşt jülgesinde eýýäm iki aý çemesi wagt bäri hökümet güýçleri yslam söweşijilerine garşy operasiýalary alyp barýarlar.
XS
SM
MD
LG