Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“WikiLeaks” – ABŞ diplomatiýasy


“WikiLeaks” saýtynyň esaslandyryjysy Julian Assanj
“WikiLeaks” saýtynyň esaslandyryjysy Julian Assanj

Birleşen Ştatlaryň gizlin diplomatik telegrammalarynyň köpçülige aýan edilmegi ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Hillari Klintonyň we onuň kärdeşleriniň, az wagtlyk hem bolsa, işini kynlaşdyrjaga meňzeýär.

“WikiLeaks” internet saýtynyň Birleşen Ştatlaryň diplomatik telegrammalaryny köpçülige aýan etmegi dünýä jemgyýetçiliginde köp jedelleriň döremegine sebäp boldy. Indi dünýä liderleri we Birleşen Ştatlaryň resmileri maglumatlaryň ýaýramagynyň ýetiren zyýanlaryndan baş alyp çykmaga synanşýarlar. Žurnalistler we ekspertler bolsa ABŞ-nyň daşary syýasatyna degişli maglumatlaryň ‘wawwaly ýerlerini’ saýlap alýarlar.

Bu adaty media tupany däl. “WikiLeaks” bilen bagly soňky wakanyň iň möhüm tarapy – munuň çynlakaý global täsiri. Görnüşe görä, ýaýradylan gizlin telegrammalar Birleşen Ştatlaryň hökümetindäki bir ýa-da birnäçe çeşme tarapyndan “WikiLeaks” saýtyna ýetirilipdir. Ol hatlar - dünýäniň tas ähli künjegindäki amerikan diplomatlaryndan gelip gowşan maglumatlar. Şol maglumatlaryň mazmuny dünýäniň köp döwletlerinde - Ispaniýadan Günorta Koreýa, Argentinadan Eýrana çenli ýurtlarda - şowhunly, kähalatlarda gaharly media habarlaryna sebäp boldy.

Tomas Pikeriň: "Amerika bolan ynama zeper ýetirilýär".
Emma iň esasy meseleleriň biri - bu maglumatlaryň Amerikanyň hökümetine nähili täsir ýetirjegidir. ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton diplomatiýada gepleşikleriň gizlin geçirilmelidigini nygtady: “Her bir döwlet, şol sanda Birleşen Ştatlar hem özüniň bile işleşýän adamlary we milletleri barada açyk gürrüňleri edip bilmeli. Şeýle-de her bir döwlet, şol sanda Birleşen Ştatlar hem, umumy bähbitleri gozgaýan meseleler boýunça dogruçyl we gizlin gürrüňdeşlik geçirip bilmeli”.

Birleşen Ştatlaryň Iordaniýada, Orsýetde, Birleşen Milletler Guramasynda ilçisi bolup işlän Tomas Pikeriň hem şeýleräk pikirde. Onuň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, maglumatlaryň goragynyň gowşak bolmagy Amerika bolan ynama zeper ýetirýär.

“Meniň pikirimçe, Birleşen Ştatlaryň özüne syr hökmünde berlen maglumatlary gizlin saklap bilmezligi bu ýurda bolan ynamy peseldýär” diýip, Pikeriň aýdýar.

Jenaýat işi gozgaldy

Şeýle pikirler hökümete degişli meseleler gizlin bolmaly diýen açyk düşünjelere esaslanýar. Getirilýän argumentlere görä, eger-de amerikan diplomatlarynyň daşary ýurtda işleşýän kärdeşleri özleriniň gürrüňdeşlikleriniň gizlin galmajagyndan çekinseler, onda olar bilen açyk gürrüňdeşlik geçirmek kyn bolar. Şeýle-de daşary ýurt hökümetlerindäki ýa-da Birleşen Ştatlaryň resmileri bilen habarlaşýan adamlara şübheli garalýan ýurtlardaky çeşmeler öz şahsyýetleriniň anyklanmagyndan howatyrlanyp, amerikan diplomatlary bilen maglumat alyşmagy togtadyp bilerler.

29-njy noýabrda Birleşen Ştatlaryň baş prokurory Erik Holder “WikiLeaks” saýtyny “milli howpsuzlygy töwekgelçilige salmakda” aýyplap, oňa garşy jenaýat işiniň gozgalandygyny mälim etdi. Beýleki resmileriň aýtmagyna görä, “WikiLeaks” saýtynyň esaslandyryjysy Julian Assanja “syrly hökümet dokumentleri çap edendigi üçin” 1917-nji ýylda kabul edilen kanuna laýyklykda günä bildirilmegi hem mümkin.

Emma, muňa garamazdan, käbir bilermenler gizlin maglumatlaryň syzylyp çykmagynyň Birleşen Ştatlara ýetiren zyýanynyň çişirilip görkezilýän bolmagy hem mümkin diýip ikirjiňlenýärler.

Britaniýanyň Leiçester uniwersitetiniň diplomatiýanyň taryhy boýunça tanymal professory Jeffreý Berrijiň aýtmagyna görä, “eger-de şeýle zatlar indi gaýtalynmasa”, onda “WikiLeaks” saýtynyň paş edişliginiň yzasy uzaga çekmez. “Birleşen Ştatlaryň abraýyna zyýan ýetirjek fakt – elektronika çagynda şeýle maglumatlaryň giňden ýaýramagyna ýol bermegiň samsyklyk bolandygy”.

Birleşen Ştatlaryň resmileri syzylyp çykan bu maglumatlar netijesinde dörän goh-galmagalyň ýurduň hökümetiniň alyp barýan syýasatyna belli bir derejede baglydygyny boýun aldylar. 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabryndaky terrorçylykly hüjümlerden soň Amerikanyň hökümetiniň dürli organlarynyň arasyndaky maglumat alyş-çalyşygy ýeňilleşdirilipdi. Çaklamalara görä, hut şu sebäpli “WikiLeaks” saýtynyň çeşmesine ýa-da çeşmelerine syrly maglumatlar aňsatlyk bilen ýetipdir.

Indiki howp

Ekspertleriň çaklamalaryna görä, indiki howp – 9/11 wakalaryndan öň bolşy ýaly, hökümetiň dürli organlarynyň arasyndaky maglumat aragatnaşygynyň çäklendirilmegi bolar. ABŞ-nyň Goranmak ministrligi geljekde şeýle maglumatlaryň syzylyp çykmagynyň öňüni almak üçin eýýämden käbir çäreleriň ýola goýlandygyny habar berdi.

“Fox News” telekanalynyň tanymal synçysy Bill O’Reýli: “Döwlet departamentiniň maglumatlaryny “WikiLeaks” saýtyna kim geçiren bolsa dönükdir. Ol ölüme ýa-da ömürlik türme tussaglyga höküm edilmelidir” diýdi. Ol efirdäki gepleşikleriň birinde Assanjy “gylyksyz” diýip atlandyryp, “Ol Amerika zeper ýetirmäge çalyşýar. Amerikan häkimiýetlerine oňa garşy hereket etmek kyn bolar, sebäbi ol Amerikanyň graždany däl. Emma şol maglumatlary syzdyranlary jezalandyryp bileris” diýdi. "The New York Post" gazetiniň 30-njy noýabrdaky sanynda “Amerikanyň gyzaran ýüzi” diýen sözbaşy goýuldy.

Emma, muňa garamazdan, söz azatlygynyň radikal tarapdarlary bu meseläniň çenden aşa çişirilendigini aýdyp, hökümetiň syrlarynyň aýan bolmagy internetiň güýjüniň sagdyn subutnamasy boldy diýýärler.

Häzirki wagtda Waşington Aziýada iki söweş bilen başagaý, Eýranyň we Demirgazyk Koreýanyň ýadro ambisiýalaryny togtatmaga synanyşýar we Ýakyn Gündogarda parahatçylyk gepleşikleriniň täzeden ýola goýulmagyny gazanmak üçin tagalla edýär.

Ozalky diplomat Pikeriň “WikiLeaks” saýtynyň häzirki maglumatlary biwagt ýaýratmagynyň şol meseleleri has-da bulaşdyrmagynyň mümkindigine alada bildirdi.

Pikeriň mamlamy ýa-da ýok - maglumatlar çözülip gitdigiçe, ony “WikiLeaks” hekaýasy görkezer.

Kristian Karyl Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Waşingtondaky býurosynyň redaktory.
XS
SM
MD
LG