Sepleriň elýeterliligi

Şu ýylyň oktýabr aýynda Parižde ýerleşýän “Serhetsiz raportýorlar” guramasynyň 2010-njy ýyl boýunça metbugat azatlygy barada çap eden hasabatynda Türkmenistan ýene-de iň yzdan 3-nji orny eýeläpdi.

Bu baha 178 ýurdy öz içine alýan şol hasabatda Türkmenistanyň Demirgazyk Koreýadan we Eriteriýadan soň metbugat azatlygyna ýol bermeýän dünýädäki iň repressiw üç ýurtdan biridigini aňladýar.

Metbugat azatlygy barada çap edilýän hasabatlarda Türkmenistan uzak wagtdan bäri sanawyň iň soňlarynda orun alyp gelýär.

Türkmenistandaky metbugatyň we medianyň ýagdaýy barada ýurduň ýaşaýjylary nähili pikirde? Bu barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa ýerli zenan bilen söhbetdeş boldy.

Söhbetdeşligi diňlemek üçin sag tarapdaky audio düwmäni basyň.

Degişli makalalar

XS
SM
MD
LG