Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amyderýanyň üstünden awtomobil köprüsiniň gurluşygy başlandy


Ýakynda Amyderýanyň üstünden awtomobil köprüsiniň gurluşygy başlandy. Ol Atamyrat (ozalky ady Kerki) şäheri bilen derýanyň sag kenaryndaky Kerkiçini birleşdirer.

Şu hepde Ukrainanyň “Altkom” gurluşyk kompaniýasynyň spesialistleri belentligi 48 metrlik sütünleriň ilkinjisi üçin burawlaýyş işine başladylar.

Türkmenistanyň resmi habar agentliginiň maglumatyna görä, bu köprüniň uzynlygy 1415 metr, ini 11.5 metr bolup, onuň gapdalyndan pyýadalar üçin hem ýol gurlar.

Rihter ölçeginde 9 bal sarsgyna döz gelmeli bu köprüniň gurluşygy 2012-nji ýylyň oktýabr aýynda tamamlanar.

Häzirki wagt Amyderýanyň üstünden ikinji bir köprüniň gurluşygy hem Seýdi şäheriniň golaýynda alnyp barylýar. Geljekde Türkmenabat şäheri bilen Farap aralygynda-da köpri gurmagyň göz öňünde tutulýandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG