Sepleriň elýeterliligi

Düýn Ženewada Eýran bilen bagly gepleşikler tamamlandy


Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça baş wekili Katerin Aşton Ženewada Eýranyň ýadro programmasy bilen bagly iki günläp dowam eden gepleşikleriň “içgin” we “esasly” bolandygyny aýtdy.

Ženewada geçen şol gepleşiklere Eýran bilen bir hatarda dünýäniň iri alty döwleti -Birleşen Ştatlar, Britaniýa, Fransiýa, Hytaý, Orsýet we Germaniýa gatnaşdy.

Eýranyň telewideniýesiniň berýän maglumatlaryna görä, gepleşikleriň nobatdaky tapgyry täze ýylyň ýanwarynda Ystambulda geçer.

Mundan ozal Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi Tähranyň öz urany baýlaşdyrmak programmasyndan el çekmänligi sebäpli, Eýrana gadaganlyklar girizipdi.

Günbatar döwletleri Eýranyň ýadro ýaragyny döretmek howpundan howatyrlanýarlar. Eýran bu aýyplamlary ret edýär.
XS
SM
MD
LG