Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýyň kömur käninde bolan partlamada 26 adam öldi


Düýn Hytaýyň Henýan welaýatyndaky kömür käninde bolan partlamada, deslapky maglumatlara görä, 26 adam heläk bolupdyr.

Bu barada şu gün irden Hytaýyň «Sinhua» agentligi habar berdi. Onuň maglumatyna görä, partlama bolanda, ýeriň astanda 30-dan gowrak kömürçi bar eken.

Tehniki howpsuzlyk derejesiniň pesligi üçin Hytaýyň kömür känleri dünýäde iň howply känler hasaplanylýar.
XS
SM
MD
LG