Sepleriň elýeterliligi

Ilkinji kosmos kapsuly düýn ABŞ-da kosmosa uçuryldy


Düýn Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ilkinji hususy kosmos kapsulynyň orbital uçuşy amala aşyrdy we ol üstünlikli Ýere dolandy.

ABŞ-nyň hususy “SpaceX” kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen bu “Dragon” kapsuly Florida ştatynyň Kanawerel ýarym adasyndaky kosmodromdan uçuryldy. Ol Ýer şarynyň daşyndan iki gezek aýlanyp, soň Ýuwaş okeana gondy.

Uçuş pilotsyz amala aşyryldy. Ýedi adam sygýan bu kapsul geljekki synaglardan soň, diňe bir kosmosa syýahat üçin däl, eýsem halkara kosmos stansiýalaryna ýük eltmek üçin hem ulanylyp bilner.
XS
SM
MD
LG