Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Horwatiýa öňki premýer-ministriň ýurda tabşyrylmagyny soraýar


Düýn Horwatiýa Awstriýadan öňki horwat premýer-ministri Iwo Sanaderi korrupsiýa derňewi bilen baglanyşykly ýurda ekstradisiýa etmegini sorady.

Horwatiýanyň Adalat ministrliginiň sözçüsi ekstradisiýa talabynyň we zerur dokumentleriň Awstriýanyň häkimiýetlerine iberilendigini aýtdy.

Häzirki wagt Iwo Sanaderiň we onuň maşgalasynyň bank hasaplary doňduryldy. Horwatiýanyň prokurorlary Iwo Sanaderiň saklanmagyny talap edenlerinden soň, ol anna güni Awstriýada tussag edildi.

Horwat häkimiýetleri oňa wezipesinden bikanun peýdalanmakda we korrupsiýada güman bildirýärler. Sanader 2009-njy ýylyň iýulynda, alty ýyl häkimiýetde bolandan soň, işden çekilipdi.
XS
SM
MD
LG