Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ahmedinejat daşary işler ministrini işden boşatdy


Düýn Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejat ýurduň daşary işler ministri Manuçehr Mottakini işden boşatdy.

Bu barada düýn prezidentiň internet saýtynda gysgaça beýanat çap edildi. Ol beýanatda bäş ýyldan gowrak hyzmaty üçin Mottakä sagbolsun aýdylýar. Emma onuň işden aýrylmagynyň sebäbi welin düşündirilmeýär.

Häzirlikçe Eýranyň wise-prezidenti, şol bir wagtda ýurduň iň esasy ýadro gepleşikçisi Ali Akbar Salehi Daşary işler ministrligine wagtlaýyn ýolbaşçylyk eder.
XS
SM
MD
LG