Sepleriň elýeterliligi

«Global Witness» «Itera» we ýahta meselesini derňeýär


Düýn tebigy resurslar bilen bagly konfliktlere, korrupsiýa, tebigata ýetirilýän zyýana we adam hukuklarynyň bozulmalaryna garşy 15 ýyl bäri göreş alyp barýan «Global Witness» guramasy «Gaz kompaniýasy türkmen diktatory üçin ýahta satyn aldymy?» diýen sözbaşyly beýanat ýaýratdy.

Ol beýanatda hususy gaz kompaniýasy bolan «Iteranyň» Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedowa sowgat bermek üçin 60 million ýewro durýan ýahta satyn alyp-almandygy sorag astyna alynýar.

Düýbi Britaniýada ýerleşýän «Global Witness» bu soragy «Itera» kompaniýasyna hem beripdir. Ýöne «Iteranyň» Moskwadaky metbugat sekratary bu soraga «bu maglumatyň hakykata laýyk gelmeýändigini we özleriniň beýle çaklamalara düşündiriş bermeýändiklerini» aýdyp, jogap beripdir.

«Itera» kompaniýasynyň prezident Berdimuhamedowa gymmat bahaly ýahta sowgat berendigi baradaky garaýyşlar “WikiLeaks” internet saýtynda çap edilen ýaşryn diplomatik hatlarda aýdylýardy.
XS
SM
MD
LG