Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Time” žurnaly M.Zukerbergi “ýylyň adamy” diýip kesgitledi


Düýn “Time” žurnaly 2010-njy ýyl üçin “ýylyň adamyny” kesgitledi. Ol “facebook” internet saýtyny esaslandyryjy we onuň ýolbaşçysy Mark Zukerberg boldy.

“WikiLeaks” internet saýtyny esaslandyryjy Julian Assanja okyjylaryň köp ses bermegine garamazdan, soňky netije žurnalyň redaktorlaryna bagly boldy.

Geçen ýyl “ýylyň adamy” Birleşen Ştatlaryň Federal Ätiýaçlyk bankynyň başlygy Ben Bernanke bolupdy.

2008-nji ýylda bolsa, “Time” žurnaly “ýylyň adamy” hökmünde prezident Barak Obamany saýlapdy.
XS
SM
MD
LG