Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Itera” Hazar deňzindäki işler boýunça tender yglan etdi


“Itera” kompaniýasynyň tender komissiýasy Hazar deňziniň 21-nji türkmen sektorynda seýsmiki işleri geçirmek boýunça halkara tenderini yglan etdi.

Maglumatlara görä, tendere gatnaşmak üçin arzalar 25-nji dekabra çenli kabul ediler.

Ýakynda “WikiLeaks” internet saýtynda çap edilen ýaşryn diplomatik hatlarda «Itera» kompaniýasynyň prezident G.Berdimuhamedowa 60 milion ýewro durýan ýahta sowgat berendigi aýdylypdy.

Şunuň bilen baglykda, halkara «Global Witness» guramasy hem «Gaz kompaniýasy türkmen diktatory üçin ýahta satyn aldymy?» diýen sözbaşyly beýanat ýaýratdy.
XS
SM
MD
LG